Kaka web-seriallaryň festiwalynda ýeňiji boldy

Kaka web-seriallaryň festiwalynda ýeňiji boldy

Russiýaly kinoçylaryň Kaka serialy ABŞ-nyň Maýami şäherinde 11-13-nji noýabrda geçen internet-seriallaryň NYC Web Fest 2022 festiwalynda üç ugur boýunça ýeňiş gazanyp, hemmeleri haýran galdyrdy diýip, Gazeta.ru neşiri RF-niň TNT teleýaýlymyna salgylanyp habar berdi.

Aktýorlar Wladimir Wdowiçenkowyň we Stas Starowoýtowyň baş keşplerde çykyş eden gülküli serialy üç sany baýraga mynasyp görüldi, ýagny taslama Ikinji plandaky iň gowy keşp, Daşary ýurt dilindäki iň gowy film we Taslamanyň iň gowy şöhlelendirmegi ugurlary boýunça üstün çykdy.

Festiwala bütin dünýäden web-seriallaryň, gysga göwrümli filmleriň 40-synyň gatnaşandygyny hasaba alsaň, bu oňat üstünlikdir diýip, ady agzalan rus teleýaýlymynyň metbugat gullugynda habar berýärler.

Kaka serialy kiçi-serial ülňüsi boýunça TNT (ТНТ) teleýaýlymynda taýýarlandy, ol doly göwrümli film hökmünde hem goýberilip, prokatda 500 million rus rubluny gazandy.

Öň bu serial Ispaniýada geçen Bilbao Seriesland web-seriallaryň festiwalynda iň gowy ssenariý ugry boýunça baýragy alypdy.

Ýene degişli makalalar

Şu minuda çenli Turkmenportal-yň esasy habarlary
Türkmenistanda IPTV-niň gepleşik torundan rus kanallary aýrylýar
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Aşgabatda howanyň 0 gradusdan pese düşmegine garaşylýar, Raşid Meredow Moskwada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy, türkmen talyplary SpellingBee bäsleşiginiň ýeňijisi boldular we beýleki habarlar