Türkmenistanda IPTV-niň gepleşik torundan rus kanallary aýrylýar

Türkmenistanda IP-telewideniýäniň gepleşikler torunda hödürlenýän telekanallar paketinden Russiýanyň TNT, TNT+4, TNT+7, “TNT Komediýa” we “Pýatnisa” ýitirim boldy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” çeşmeleri habar berýärler.

Aşgabadyň şäher telefon aragatnaşygy edarasy bu telegepleşikleriň dowam etdirilip-etdirilmejegi barada berlen soraga jogap bermeýär.

27-nji maýda “Neýtralnýyý Turkmenistan” gazetinde Aşgabat şäher telefon aragatnaşygy edarasynyň IPTV enjamlaryny getirmek, oturtmak we işe girizmek boýunça tendere başlaýandygy habar berildi.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň häkimiýetleri soňky birnäçe ýylyň dowamynda raýatlaryň hususy hemra antennalaryny zor bilen söküp aýyrmak boýunça aktiw kampaniýa alyp barýarlar we çanak antennalaryň ýerine tölegli IP-telewideniýesine birikmegi teklip edýärler.

Hemra antennalarynyň goparylmagy olaryň şäheriň daşky gözelligini bozýandygy bilen delillendirilýär. Emma hakyky sebäbiň hemra antennalaryna kontrollyk edip bolmazlygy bilen bagly bolmagy mümkin.

Sebäbi raýatlaryň köpüsi hemra antennalarynyň üsti bilen “Azatlyk” radiosynyň gepleşiklerini diňleýärler we ol gepleşiklerde köplenç ýurduň häkimiýetleri tankytlanýar.

Ýaşaýjylaryň köpüsi bu täze düzgünden nägile, sebäbi indi olar täze enjamy satyn almak, oturtmak üçin pul tölemeli. Şeýle-de olar indi IPTV üçin her aýda abuna gölegini tölemeli.

Jaýyň eýesi IPTV-li bolmak üçin pasportyny alyp, Şäher telefon edarasyna gelmeli. Birinji gezekde hyzmat üçin 20 mamant we birinji aýyň tölegi üçin 10 manat soralýar. Soňra her aý IPTV ulanandygyň üçin 10 manat töleg etmeli. Eger goşmaça telewizor nokadyny ulansaň, munuň üçin ýene her aýda 1 manat tölemeli.

IP alyp görkezijili týuneriň ortaça bahasynyň 300 manatdygyny bellemek gerek. Şeýle-de, metri 1,5 manatdan bolan kabel, geçiriji kommutator (eger jaýda birnäçe nokat bolsa, bahasy 60 manat) satyn almaly.

Häzirki pursatda IPTV-niň sanawynda 91 kanal bar. Ilat arasynda aýdym-sazly kanallar has meşhur, şeýle-de TNT, “Pýatnisa”, TNB meşhur.

Ýurt raýatlarynyň köpüsi filmleri prokata alyp, öýde görmegi gowy görýär. Adamlar IPTV arkaly täzeliklere ýa-da haýsydyr bir belli gepleşiklere tomaşa edýärler. Emma alyp görkezişiň hili gowy däl. Onsoň týuneri gaýtadan sazlamaly bolýar. Käte birnäçe kanal işlemeýär. Şu sebäpden ýaşaýjylar ýene jaýlaryň üçeklerinde we öýleriniň eýwanlarynda çanak antennalary oturtmaga başladylar.

Ýene degişli makalalar

Çapar — siziň ygtybarly we amatly kömekçiňiz
Çapar ykjam programmasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna öýlerinden çykmazdan uçuşlaryň peteklerini satyn almaga mümkinçilik berýär
Aragatnaşyk pudagy ösüş ýolunda
Täjigistan ― Türkmenistan futzal duşuşygy Warziş teleýaýlymynda görkeziler
Hujand Merw duşuşygy Varzish teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer
Türkmenistanda tölegli telekanallar birnäçe gün işlemeýär
Aşgabat stadionda geçiriljek iki halkara duşuşygy Türkmenistan Sport teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer