Kambojada öküz çapuwlary geçirildi

Kambojada öküz çapuwlary geçirildi

Kambojada her ýyl guralýan öküzlere goşulan arabaly ýaryşlar geçirildi diýip, Habar 24 ýazýar.

Ýurtda khmerleriň golaýlap gelýän Täze ýylyny şeýle ýaryşlar bilen belleýärler. Khmer Täze ýyly apreliň ortalarynda baýram edilýär.

Ýaryşa gatnaşyjylaryň aýtmagyna görä, bu çäre gadymy khmer medeniýetine degişli bolan arabalary gorap saklamaga ýardam edýär hem-de öküzleri iýmlemegiň zerurdygyny ýatladýar.

Bu ýyl ýaryşa 39 arabaly gatnaşdy, olara ýerli ýaşaýjylar we daşary ýurtly jahankeşdeler tomaşa etdi.

Ýene degişli makalalar

Iň köp tüwi sarp edýän ýurtlar
Kamboja 3 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçyny hasaba aldy
Türkmenistan we Kamboja ýokary derejeli saparlary geçirmek mümkinçiligine garadylar
Türkmenistan we Kamboja syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Elektron hasabat atly sanly hyzmatyny işe girizdi we beýleki habarlar
Türkmen ilçisi: Türkmenistan Kamboja göni uçuşlary ýola goýmagy maksat edinýär
Kamboja bilen syýahatçylyk pudagynda bilelikdäki meýilnamalary taýýarlamak teklip edildi
Türkmenistan we Kamboja syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär