Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäheriniň 17-nji çagalar bakja bagynda “Kitap bilen dostlaşalyň çagalar!” atly çagalar ertirligini geçirdiler.Körpejelere gyzykly ertekiler okalyp, olaryň gahrymanlary barada giňişleýin gürrüň berildi. Çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy.
Bu ajaýyp pursatlar olarda örän täsir galdyrdy. Ýaş nesilleriň döwrebap okap bilim almaklary üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan her bir tutumly işleri rowaç alsyn.
