Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugynyň kitaphanasynda “Arkadag” teleýaýlymynyň “Bagt şäheriniň säheri” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Kitap okan gullar manydan dokdur” atly söhbetdeşligi geçirdi.
Gürrüňdeşligiň dowamynda oňa gatnaşanlar hakymyz üçin kitaphana hyzmatyny guramak işiniň hilini we many-mazmunyny ýokarlandyrmaga, Türkmenistanyň halkara derejesinde kitaphana işi babatyndaky işleri ösdürmäge döwlet derejesinde maksatnamalaýyn kabul edilýän kararlaryň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Ýaş nesilleriň arassa ahlakly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerinde kitaplaryň ähmiýeti dogrusynda hem-de häzirki döwürde kitap neşir etmeklige we kitaphanalara ýaýratmaklykda alynyp barylýan işler baradaky gürrüňlere hem orun berildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.
