Kiýew şäheri 1-nji noýabrdan gyzyl karantin zolagynda bellige alnar

Kiýew şäheri 1-nji noýabrdan gyzyl karantin zolagynda bellige alnar

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheri iň berk karantin çäklendirmeleri sebäpli 1-nji noýabrdan gyzyl karantin zolagynda bellige alnar. Bu karar Report habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Ukrainanyň Daşky gurşaw howpsuzlygy we adatdan daşary ýagdaýlar baradaky Döwlet toparynyň ýörite mejlisinde kabul edildi.

Ukrainanyň Daşky gurşaw howpsuzlygy we adatdan daşary ýagdaýlar baradaky Döwlet toparynyň ýörite mejlisinde gelnen netijelere görä, 2021-nji ýylyň 1-nji noýabrynda sagat 00:00-dan başlap, Kiýewdäki epidemiýa howpunyň gyzyl derejesini kesgitlemek karary kabul edildi.

Şäheriň häkimi Witaliý Kliçko düýn irden Kiýewiň ýolbaşçylarynyň paýtagty gyzyl epidemiýa zolagyna girizmek üçin hökümete ýüz tutandygyny aýtdy. Ol bu ýüz tutmanyň sebäbiniň koronawirusyň paýtagta giňden ýaýramagy netijesinde ýagdaýyň örän tiz ýaramazlaşmagy bilen baglanyşyklydygyny delillendirdi. Häkimiň sözlerine görä, geçen bir hepdäniň dowamynda Kiýewde günde 1000-den gowrak näsag we günde 30-50-den gowrak ölüm bellige alyndy.

Kiýewiň häkimi, 1-nji noýabrdan paýtagtda birnäçe çäklendirmeleriň giriziljekdigini aýtdy. Şeýlelik bilen, diňe sanjym edilen adamlara işlemäge we köpçülikleýin ýerlere barmaga hukuk berler. Şol düzgün jemgyýetçilik ulaglaryna-da degişli bolar. Mekdeplerde we uniwersitetlerde okuwlar sanly usulda uzak aralykdan okuwlar görnüşinde ýola goýlar. Çagalar baglarynda diňe sanjym edilen işgärlere işlemäge rugsat berler.

Şu wagta çenli Ukrainanyň 8 sany welaýaty epidemiýa howpunyň gyzyl zolagyna girizildi.

Ukrainanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä, soňky bir günde bu ýurtda täze koronawirus ýokançlygynyň sany 26071 adama ýetdi. Bu san görkezijisi pandemiýa döwründe rekord san görkezijisi hökmünde bellige alyndy. Günüň dowamynda 5366 sany adam hassahana ýerleşdirildi, 10006 sany adam sagaldy, 576 sany adam bolsa ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa: "Ukraina Belgoroda hüjüm gurady" diýdi
Ukraina: "Russiýa 5 aýry sebitdäki energiýa desgalaryna hüjüm gurady" diýdi
ABŞ Ukraina Hawk howa goranyş ulgamyny satar
Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär
Russiýa, Ukraina Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Russiýa Beýik Britaniýa duýduryş berdi
Türkmenistan bilen Ukraina atçylyk ugrunda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy