Klub sany 20-den 18-e düşüriler

/* custom css */ .td_uid_19_60c9412ee5827_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60c9412ee5827_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynyň biri Fransiýanyň ýokary ligasy “Ligue 1”-de klub sany azaldylar.

Professional futbol ligasynyň (LFP) habar bermegine görä, 2023/24 möwsüminden başlap häzirki wagtda 20 bolan klublaryň sany 18-e düşüriler. Şol möwsümde çempionatdan 4 klub aşaky liga düşüriler. “Ligue 2”-den bolsa 2 klub ýokary liga çykarylar.

Edil şonuň ýaly Fransiýanyň ikinji ligasy Ligue 1-de hem klub sany 20-den 18-e düşüriler. Şeýlelikde, Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynda 18 klubly ligalaryň sany 2-ä çykar.

Mälim bolşy ýaly Germaniýanyň “Bundesligasynda”-da 18 klub çykyş edýär.Geljek Italiýanyň çempionaty “Serie A”-nyň hem bu sanawa goşulmagy mümkin.

Ýene degişli makalalar

Ispaniýaly tälimçileriň täze klublary
Täze möwsüme -3 utuk bilen başlar
Transfere iň köp pul harçlan 10 çempionat
Iki ýyldyz futbolçy öz yklymyna dolandy
Ibrahimowiç karýerasyny tamamlady
Meşhur futbolçynyň ogly “Premier Ligada” çykyş eder
Üç uly çempionata badalga berilýär