Kowington UFC 272-niň esasy söweşinde Maswidaldan üstün çykdy

Kowington UFC 272-niň esasy söweşinde Maswidaldan üstün çykdy

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) amerikaly söweşijisi Kolbi Kowington liganyň Las-Wegasda (ABŞ) geçirilen 272-nji belgili turnirinde watandaşy Horhe Maswidaldan üstün çykdy. Ýarym orta agramly söweşijileriň tutluşygy bäş raund dowam etdi we emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi netijesinde 34 ýaşly Kowingtonyň ýeňmegi bilen tamamlandy.

UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony üçin bu ýeňiş karýerasyndaky 17-nji boldy, onuň üç ýeňlişi bar. 37 ýaşly Maswidalyň hasabynda 35 ýeňiş bilen 16 ýeňliş bar. Agşamyň ikinji möhüm söweşinde ýeňil agramda UFC-niň eks-çempiony braziliýaly Rafael Dos Anýos watandaşy Renato Moýkanodan üstün çykdy.

Ýene degişli makalalar

Çarlz Oliweýra Dastin Porýeni ýeňip, ýeňil agramda çempionlyk guşagyny gorady
UFC 276: Çempionlyk guşaklary eýelerinde galdy
Dewin Heýni Lomaçenkony ýeňip, çempionlyk guşaklaryny özünde saklap galdy
Samsung aňyrsy görnüp duran microLED-ekran bilen tanyşdyrdy
Ýagşymyradow Nedonyň üstünden gazanylan ýeňişden soňra Türkmenistana dolanýar
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin seçip alyş işlerini geçirýär, Türkmenistan awiakompaniýasy Milan we Şençžen şäherlerine ýük daşamalaryny amala aşyryp başlar we beýleki habarlar