Krizis Türkmenistanda iň ejizlere urgy bolýar

Krizis Türkmenistanda iň ejizlere urgy bolýar

Azyk we derman önümleriniň ýetmezçiligi we bahasynyň gitdigiçe ýokarlanmagy, maliýe krizis we işsizlik Türkmenistanyň ilatynyň ýaşaýyş derejesine erbet täsir etdi. Ýagdaýlaryň agyrlaşýan wagtynda, şol sanda koronawirus pandemiýasyna degişli çäklendirmeler sebäpli has köp adam, ilkinji nobatda-da jemgyýetiň iň ejiz gatnaklary, şol sanda maýyplar medisina hyzmatlaryndan peýdalanmak, dermanlary satyn almak mümkinçiligini ýitirýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatyna görä, maýyplar köpden bäri gaty agyr şertlerde ýaşamaga mejbur boldular, indi bolsa pandemiýa we ykdysady krizis döwründe olaryň ýagdaýy çykgynsyzlyga öwrülýär.

Türkmenistanda maýyplyk pensiýasy ortaça 400 manat. Köp maýyplar bu pula azyk we dermanlar satyn alyp bilmeýärler. Medisina hyzmatlarynyň ençemesi-de olara elýeterli däl.

Azyk önümleriniň ortaça bahasyna syn edilende, 3-nji dekabrda 1 kilogram et - 80 manada, 1 litr ýag - 40 manada, 50 kilogram haltaly un - 600 manada satyldy. Böwrek keselinden dermanlaryň bahasy 200 manatdan, demgysmadan spreý 250 manatdan başlanýar. Newrologiki keselleriniň we ýürek keselleriniň dermanlaryň hem antibiotikleriň bahasy 10 tabletkasy üçin 100 manatdan başlanýar.

Habarçylaryň sözlerine görä, azygyň, daşary ýurtlardan getirilýän dermanlaryň gymmatlamagy daşary ýurt walýutasynyň gara bazardaky nyrhynyň günsaýyn ýokarlanmagyna bagly bolýar.

Türkmenistanda döwletiň maýyplara berýän orta kömek puly şu günki gün Merkezi Bankynyň kesgitlän kursundan 114 dollara, “gara bazaryň” häzirki nyrhyndan 14,2 dollara barabar.

Noýabr aýynyň ortalarynda dollar gara bazarda ýokarlanyp başlady. 23 manatdan 25,6-a çykyp, bazarlarda azyk önümleriniň 10-15% gymmatlamagyna getirdi. Şu hepde Türkmenistanyň käbir sebitlerinde amerikan walýutasy eýýäm 28 manada satylýar.

Türkmenistanda maýyplar şu günki gün saglygyny hem öz hasabyna bejermeli bolýarlar.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, her alty aýda geçmeli medisina barlaglary we iň esasy bejergiler ortaça 3000 manada durýar.

Häzirki wagtda köp maşgala maýyp hossarlaryny goldap bilmeýär. Oktýabrda Mary welaýatyndaky habarçymyz regionda garry garyndaşlaryny Murgap sebitindäki garrylar öýüne, maýyp çagalaryny bolsa Marydaky we Baýramalydaky ýörite internatlara tabşyrýan maşgalalaryň duýarlykly köpelendigini habar berdi.

Şeýle-de habarçylarymyz koronawirus çäklendirmeleri sebäpli garyplara telekeçilerden berilýän sadakalaryň we maddy kömeginiň ep-esli azalandygyny bellediler.

Öz giňişliginde koronawirusyň ýokdugyny aýdýan türkmen hökümetiniň girizen koronawirus çäklendirmeleri ilatyň, şol sanda telekeçileriň ykdysady ýagdaýyna ýaramaz täsir etdi. Söwda we hyzmat kärhanalarynyň köpçülikleýin ýapylmagy, şeýle hem ilatyň ýurduň içinde hereket etmeginiň çäklendirilmegi netijesinde köp adam gazançyny ýitirdi.

Soňky birnäçe ýylyň içinde Azatlygyň habarçylary, ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy sebäpli, maýyplygy bolan adamlaryň hasaba alynmazlygy, şeýle hem olardan maýyplyk derejesiniň berilmegi üçin para talap edilmegi hakynda yzygiderli habar berýärler.

Bu ýagdaýlar saglyk problemaly adamlary dilegçilik etmäge mejbur edýär. Elini uzadyp oturan maýyplary paýtagtyň we beýleki şäherleriň köçelerinde ýygy-ýygydan görüp bolýar.

Şu ýylyň iýun aýynda Lebap welaýatyň saglygy saklaýyş edaralarynyň lukmançylyk komissiýalaryna hassalara maýyplyk derejesiniň berilmeginiň san taýdan azalmak görkezmesi berildi. Munuň bilen birlikde medisina edaralarynda maýyplyk almak üçin bejergi we barlag geçirmek döwrüniň möhleti 5 ýyldan 10 ýyla çenli uzaldyldy.

Türkmenistanyň kanunlary raýatlaryň sosial goragyny kepillendirýär. Döwlet maýyplygy bolan adamlary sosial taýdan goramak borjuny öz üstüne alýar. Bu gorag kömek pullarynyň tölenmegini, döwlet edaralarynda we döwlet dükanlarynda ýeňillikleriň berilmegini öz içine alýar.

2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, türkmen döwleti kömek pullarynyň iň pes mukdaryny 322 manat derejesinde kesgitledi. Bu resmi kursdan 92 dollar we “gara bazar” nyrhyndan 11,5 dollar bolýar.

Türkmenistanyň hiç bir ýerinde maýyplaryň köçelerde gatnamagy, jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmagy we ýaşaýyş jaýlara girip-çykmagy üçin infrastruktura tas düýpden göz öňünde tutulmaýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Ýene degişli makalalar

Krizis ýagdaýlarynda nagt-wauçer kömeginiň maksatnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy
Sanksiýalaryň Bes Edilmegi Bilen Azyk Krizisi Çözüler
Eýranda çöken bina sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy
Eýranda 5,5 bal ululygynda ýer titreme boldy
"Aýdyň, bize çörek ýetermi?" Aşgabatda çörek nobatlary azalmaýar
Moskwa: Ukraina bilen gysga wagtda ylalaşyga gelmäge taýýar
Erdogan: "Ikisinden hem ýüz öwürmegimiz mümkin däl" diýdi