Kuweýt bilen Türkmenistan arasynda ylalaşyklar tapgyryna gol çekildi

13-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kuweýtiň emiri Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň arasynda bolan gepleşikler netijesinde ikitaraplaýyn dokumentler toplumyna gol çekildi.

Hususan-da, Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-kuweýt toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Diplomatik we gulluk/ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýle-de, hyzmatdaşlygyň özara bähbitli ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Saud Al-Nasser Al-Sabah adyndaky Diplomatik institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Arap ykdysady ösüşi üçin Kuweýt gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ykdysady we tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Söwda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Mundan başga-da, Türkmengaz döwlet konserni bilen Kuwait Petroleum Corporation kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Sungat we medeniýet ulgamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Şeýle-de taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Arap ykdysady ösüşi üçin Kuweýt gaznasynyň arasyndaky tehniki ýardamy bermek hakyndaky bilelikdäki resminamany kabul etdiler.

Ýene degişli makalalar

Mähirli gutlaglar
Kuweýtde nebit-gaz ýatagy tapyldy
22.08.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
ESASY ÝÖRELGÄMIZ PARAHATÇYLYK WE ABADANÇYLYK
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini tagta geçmegi mynasybetli gutlady
Açyk gapylar we oňyn bitaraplyk syýasaty
07.06.2019 | Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy