Lebaplylaryň onlarçasy sowet döwründäki iş stažyny tassyklaýan kepilnamany alyp bilmeýär

Lebaplylaryň onlarçasy sowet döwründäki iş stažyny tassyklaýan kepilnamany alyp bilmeýär

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde pensiýa ýaşyna ýeten raýatlaryň ençemesi sowet döwründe zähmet çeken ýyllary üçin iş stažyny tassyklaýan kepilnamany alyp bilmän kösenýär. Edara-kärhanalaryň resmileri munuň sebäbini sowet döwrüne degişli arhiw kitaplarynyň köpüsiniň ýitendigi ýa-da olaryň sahypalarynyň zaýalanandygy bilen düşündirýärler.

Pensiýa çykmaga taýýarlanýan ençeme türkmenabatlynyň Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň bermegine görä, problemalar mundan birnäçe aý ozal başlandy.

“Biz pensiýa çykmak üçin zerur bolan kepilnamalary toplamaga başlanymyzda, sowet döwründe işlän edaralarymyzyň deregine açylan ýa-da ady üýtgedilen edara-kärhanalary gözläp başladyk. Sebäbi bizden bu edaralardan hem kepilnama almak talap edilýär” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistan 1991-nji ýylda öz garaşsyzlygyny yglan edensoň, ýurtda öňden bar bolan edara-kärhanalaryň onlarçasy ýapyldy ýa-da ady üýtgedildi we başga ýerlere göçürildi.

Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy raýatyň Zähmet kitabynda onuň haýsy ýyllarda, haýsy edaralarda, näçe ýyl zähmet çekendigi baradaky maglumatlar bolsa-da, raýatdan işlän edara-kärhanalarynyň her birinden iş stažyny tassyklaýan kepilnamany getirmegi talap edýär.

“Sowet döwründe işlän edara-kärhanalarymyzy gözläp tapanymyzda, olaryň kadrlar bölümlerine ýüz tutduk. Şonda bize Arhiw bölümlerindäki kitaplaryň köpüsiniň ýitendigini ýa-da olaryň sahypalarynyň könelip, ýyrtylandygyny we sahypalary okap bolmaýandygyny aýtdylar. Olar şu sebäpli köne işgärleriň işläp giden iş stažlarynyň hem ýitendigini aýdýarlar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy bu kepilnamany getirmedik ýaşaýjylaryň degişli ýyllardaky iş stažyny tassyklamaýar. Bu bolsa, olaryň göz öňünde tutulandan az mukdarda pensiýa aljakdygyny aňladýar.

“Häzir onlarça raýat azyndan 10 ýyl iş stažyny ýitirmek bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýerli häkimiýetlere ýagdaýy düşündirmäge çalyşýarys. Emma entek oňyn netije ýok” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy bilen habarlaşyp, kommentariý alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda raýatlaryň, hususan-da, ýaşuly nesliň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga uly orun berilýändigini, olaryň durmuş taýdan goraglylygynyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar.

Olar bu öňe sürmelerini esasan ýurtda pensiýalaryň möçberiniň döwlet tarapyndan her ýyl 10 göterim ýokarlandyrylýandygy, şeýle-de pensionerlere jemgyýetçilik transport serişdeleri üçin tölegleriň arzan bahadan berilmegi ýaly käbir ýeňillikler bilen delillendirmäge çalyşýarlar.

Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar pensiýalaryň möçberiniň we olaryň döwlet tarapyndan her ýyl 10 göterim ýokarlandyrylmagynyň ilatyň bazar sebedine gabat gelmeýändigini indi ençeme ýyl bäri aýdyp gelýärler.

Soňky ýyllarda ýiti ykdysady kynçylyklaryň, azyk önümleriniň ýeter-ýetmezçiliginiň, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatçylygynyň arasynda, ýurtda pensiýalaryň gijikdirilýän halatlary wagtal-wagtal ýüze çykýar.

Bu habarlaryň arasynda, dilegçilik etmäge, zibil dörmäge mejbur bolýan pensionerleriň köpelýändigi barada maglumatlar ýygy-ýygydan gelip gowuşýar.

Türkmen hökümeti ykdysady krizisi, munuň bilen bagly barha ýitileşýän sosial problemalary aç-açan boýun almaýar. Häkimiýetler ýurtda garyplygyň öňüne geçmek, gowşak we garry gatlagy goramak ugrunda alnyp barylýan tagallalar barada hem açyk gürrüň gozgamaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Pensiýa gaznasynyň işi kämilleşdirilýär
Pensiýa ýaşy ýokarlandyrylar
Türkmenistanda ýanwar aýyndan başlap zähmet haklary ýokarlandy
Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Hytaýa barar, Aşgabatda Rus kinosynyň hepdeligi dowam edýär, Türkmenistanda 2023-nji ýylda doglan ilkinji çaga Bagtyýar diýlip at goýuldy we beýleki habarlar
Türkmenistanyň telekeçileri üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy
Durmuş üpjünçiligi pugtalandyrylýar