Lewandowski IFFHS boýunça ýylyň iň gowy oýunçysy boldy

Lewandowski IFFHS boýunça ýylyň iň gowy oýunçysy boldy

"Bawariýanyň" we Polşanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Robert Lewandowski Futbol taryhynyň we statistikasynyň halkara federasiýasy (IFFHS) tarapyndan 2021-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip saýlandy. Hüjümçi ses berişlikde 150 utuk bilen birinji ýeri eýeledi. Bu barada championat.com habar berdi.

IFFHS-ä görä, ýylyň iň gowy futbolçysy diýen at üçin ses berlişikde ikinji ýeri "PSŽ"-niň hüjümçisi Lionel Messi eýeledi. Argentinaly ýyldyz 105 utuk toplady. Üçünji orunda “Çelsiniň” oýunçysy Jorjinýo (40) bar. “Mançester Ýunaýtediň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu bolsa 15 utuk toplap, ýedinji orny eýeledi.

Şeýle hem ilkinji onluga Kewin De Bruýn, Mohamed Salah, Kilian Mbappe, N'Golo Kante, Janluiji Donnarumma we Erling Holland girýär.

Ýene degişli makalalar

“Barselona” 10 oýunda 33 gol geçirdi
“Barselona” hem-de “Real Madrid” atdaş klublary ýeňdi
Iň köp gazanç edýän futbolçylar Ronaldo ep-esli aratapawut bilen öňde barýar
“Real Madrid” “Milandan” soň “Liwerpuldan” hem ýeňildi
“The Best FIFA” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
Mbappe iň çalt het-trik eden 2-nji futbolçy
Portugaliýa ähli duşuşykda ýeňiş gazandy, Gibraltar gol hem geçirip bilmedi (EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň käbir statistikalary)