Liwerpul finalda Çelsini ýeňip, Angliýanyň ligasynyň Kubogyny gazandy

Liwerpul finalda Çelsini ýeňip, Angliýanyň ligasynyň Kubogyny gazandy

Angliýanyň ligasynyň Kubogynyň final duşuşygynda Liwerpul Çelsiden üstün çykdy. Duşuşyk Londonda Uembli stadionynda geçirildi.

Duşuşygyň esasy hem goşmaça wagty 0:0 hasabynda tamamlandy. 11 metrlik jerime urgulynda Liwerpul 11-10 hasabynda üstün çykdy.Liwerpulyň düzüminde soňky urgyny derwezeban Kuiwin Kelleher ýerine ýetirdi. Çelsiden ýeke-täk nädürs urgyny derwezeban Kepa Arrisabalaga ýerine ýetirdi.

Arrisabalaga duşuşyga 119-njy minutda Eduard Mendä derek giripdi.Liwerpul 2012-nji ýyldan bäri ilkinji gezek we taryhynda dokuzynjy gezek Angliýanyň ligasynyň Kubogynda ýeňiş gazandy.Bu görkeziji babatda klub Mançester Sitiden bir san öňe geçdi.

Angliýanyň çempionatynda Çelsi 25 oýundan soň, 50 utuk bilen üçünji ýerde ýerleşýär.Liwerpul 26 oýundan soň 60 utuk bilen ikinji ýerde ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

“Al-Ahli” “Mançester Sitiniň” ýyldyzyny transfer etdi
“Al-Ahli” “Premier Liganyň” ýene bir oýunçysyny transfer etdi
“Real Madrid” ýeňiş bilen başlap bilmedi, “Barselona” ilkinji tapgyrda ýeňiş gazandy
UEFA-da ýylyň futbolçylary baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Çelsi UEFA-nyň Super kubogyna mynasyp boldy
Çelsi ikinji gezek UEFA-nyň Super kubogynyň eýesi boldy