Liwerpul müsürli hüjümçi Salah bilen şertnamasyny uzaltdy

Liwerpul müsürli hüjümçi Salah bilen şertnamasyny uzaltdy

Liwerpulyň metbugat gullugy hüjümçi Mohamed Salah bilen şertnamasyny uzaldandygyny mälim etdi. Hüjümçi klub bilen ylalaşygyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy. Salahyň bahasy 90 million ýewro diýip bahalandyrylýar diýip, gazeta.ru habar berýär,

Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) tamamlanan möwsüminde "Liwerpul" "Mançester Sitiden" bir utuk yza galyp, ikinji ýeri eýeledi. Çempionlar ligasynyň jemleýji oýnunda Ýurgen Kloppyň şägirtleri 0:1 hasap bilen Madridiň "Realyndan" ýeňildiler.

Salah 2021/22 möwsümde 49 oýunda oýnap, 31 gol geçirdi.Umumy alaňda, hüjümçi toparyň 254 oýnunda oýnap, 156 gol geçirdi.Salah Müsüriň ýygyndysynyň düzüminde 2017-nji we 2021-nji ýyllarda Afrika milletleriniň kubogynyň finalçysy boldy.

Ýene degişli makalalar

5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Klopp alty sany tälimçini işden kowdurdy
Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi
“Napoli” hem ýeňilýär, “Reýnjers” ýaryşyň iň pes netije görkezen topary boldy
“Liwerpul” 10-njy gezek finalda çykyş eder
Ýylyň futbolçysy we tälimçisi kim bolar?