Liwiýadaky rus hakyna tutma esgerler ýurtdan çekilmäge başlady

Liwiýadaky rus hakyna tutma esgerler ýurtdan çekilmäge başlady

Merkezi ofisi Liwiýanyň paýtagty Tripoli şäherinde ýerleşýän Al-Ahrar telewideniýe kanaly tarapyndan berilen habarda, Wagnere degişli hakyna tutma esgerleriň 4 gün ozal Jufra şäheriniň asuda ilatly zolaklaryny terk etmäge başlandyklary habar berildi.

Habarda hakyna tutma esgerleriň terk eden desgalarynyň arasynda kondisionirleme we sowadyş instuty, şäheriň suw ammary, dolandyryş merkezleri, gurluşyk ýerleri we Weddan-Sirte gara ýolunyň ugrunda ýerleşýän harby ştabyň bardygy mälim edildi.

Yza çekilmek operasiýasynyň dowam edýändigine ünsler çekilen habarda, käbir strategik nokatlaryň bolsa harby enjamlaryň üpjünçiliginiň dowam edilmegi taýdan boşadylmandygy aýan edildi.

Liwiýanyň Ýokary Geňeşiniň başlygy Halid Al-Mişri, 12-nji dekabrda beren beýanatynda ýurtda Rus howpsuzlyk kärhanasy Wagnere degişli 7 müňden gowrak hakyna tutma esgeriň bardygyny habar beripdi.

Liwiýada 2019-njy ýyldan bäri barlygyny dowam etdirýän Wagnere degişli hakyna tutma esgerler, Jufra şäheri bilen birlikde gündogardaky Sirte şäherinde hem barlygyny dowam etdirýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat şäherleri
THÝ-nyň Liwiýa Uçar Saparlary Başlady
Türkiyäniň Daşary işler ministri Liwiýada saparda bolýar
Gurbanguly Berdimuhamedowyň “KazanForum 2024” forumyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan çäre
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Muhammed Tekaleni kabul etdi