Lozanna Ýaraşyk Şertnamasy

Lozanna Ýaraşyk Şertnamasy

Lozanna Ýaraşyk Şertnamasynyň 1-nji Jahan urşuny bes etdiren we şol bir wagtda-da uzak ýyllar güýjüni saklan ýeke-täk ýaraşyk şertnamasydygyny bilýäňizmi?

1-nji Jahan urşundan soň ýeňilen Osman imperiýasynyň, garaşsyzlygyny elden gidýär we territoriýasy basylyp alynypdy.Emma türk milleti territorial bitewiligi hem-de milli garaşsyzlygy üçin uly göreş alyp baran Azat edijilik söweşinde üstün çykýar.

Türk milletiniň hakly we ýerlikli sebäplere esaslanyp alyp baran bu adatdan daşary göreşi, Beýik ýeňiş bilen 1922-nji ýylyň güýz aýlarynda haýdy taýdan gutarýar.Indi şol netije dünýä tarapyndan ykrar edilmelidi.

Ýaraşyk konferensiýasy 1922-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde guralýar.Türk döwletiniň adyndan wekiliýete başlyklyk eden Ismet Inöni, garaşsyzlyk we häkimiýet meselesini nygtap, ähli medeni milletler ýaly azatlyk we garaşsyzlyk isleýändiklerini aýdýar.

Netijede 1923-nji ýylyň 24-nji iýulynda Lozanna Ýaraşyk Şertnamasy türk döwlet wekilleriniň, Biritaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Russiýanyň, Ýugoslawiýanyň, Belgiýanyň, Portugaliýanyň, Rumyniýanyň, Gresiýanyň we Ýaponiýanyň arasynda gol çekişilýär.

Lozanna Ýaraşyk Şertnamasy täze döredilen Türkiýe Respublikasynyň hem hem ykrar edilmegidir. Şertnamanyň giriş sözünde “döwletleriň garaşsyzlygyna we hökmürowanlygyna sarpa goýulmagy” aýratyn beýan edilýär.Taraplar iki taraply şertnamalary baglaşyp, kepillikleri berendigi üçin Lozanna Ýaraşyk Şernamasy güýjüni gorap saklamaga dowam etdi. 100 ýyllyny dolduran Lozanna Ýaraşyk Şertnamasynyň tekstinde 2023-nji ýylda ýa-da haýsydyr bir başga möhletde gutarjakdygy hakynda maddasy ýok. Şertnamanyň güýjüni saklamagynda türk döwletiniň parahatçylykly we ýagşy niýetli çemeleşmesi hem uly ähtmiýete eýedir.

Atatürküň “Ýurtda parahatçylyk, dünýäde parahatçylyk” ýörelgesine wepaly bolunyp, Lozanna şertnamasynyň ähli maddalarynyň berjaý edilmegi, parahatçylygyň yzgiderliligini üpjün edýär.

Ýene degişli makalalar

Ortaça iň köp gol geçirilen çempionat (Dünýä Kubogy 1954)
10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi
Türkiýe Respbulikasy 100 ýyllygyny belläp geçýär.
Ermeni Meselesi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Şu gün 29-njy Uniwersiada badalga berler