“LS Cable & System Ltd” Türkmenistanyň telearagatnaşyk bazaryna gyzyklanma bildirýär

“LS Cable & System Ltd” Türkmenistanyň telearagatnaşyk bazaryna gyzyklanma bildirýär

Günorta Koreýanyň “LS Cable & System Ltd” kompaniýasy telearagatnaşyk ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada kompaniýanyň wekili Deniel Kim 14 16-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmentel-2024” halkara sergisinde maglumat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

D.Kimiň sözlerine görä, telearagatnaşyk pudagyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň giň gerimli meýilnamalary özüne çekijidir, Günorta Koreýanyň kompaniýasy bolsa şolary durmuşa geçirmäge öz goşandyny goşmaga taýýardyr.

Kompaniýa türkmen tarapy bilen ilkinji gepleşikleri geçirip başlady. Şu tapgyrda taraplar hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşýarlar.

“LS Cable & System” bu Günorta Koreýada kabel önümçiligine ýöriteleşen, dünýäde şahamçalary bolan iri korporasiýadyr.Kompaniýa tok we telearagatnaşyk kabel geçirijileri, ulgamlary we modullary hem-de ugurdaş senagat harytlary öndürýän dünýäde öňdebaryjylaryň biridir. “LS Cable & System” ýokary we has ýokary woltly aragatnaşyk ulgamlary taslamalaşdyrmak, abatlamak we ulanmaga bermek, şol sanda suwasty kabel geçiriji ulgamlaryň taslamalaryny ýerine ýetirmek babatda hyzmatlaryny hödürleýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi deňiz suwuna düşürildi
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan Türkmenistanyň maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky işlerine ýokary baha berdi
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
“SpaceX”, “Huawei”, “Samsung” we “Amazon” kompaniýalarynyň wekilleri Aşgabatda jemlenerler
Türkmentel 2025 atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler