Makron Protest Edildi

Makron Protest Edildi

Makrony prostest eden sergä gatnaşan zenan demonstrant saçyndan süýrelip, sergi merkezinden çykaryldy.

Emmanuel Makron öňňin Halkara oba hojalyk sergisine gatnaşdy. Sergide “Netijeli işleýän daýhanlarymyzy goldamak üçin geldim” diýen Makronu howanyň üýtgemegi we hormatly dynç alyş maksatnamasy sebäpli protest etmek islän demonstrantlardan biri Prezidentiň öňüne çykdy.

Makronuň janpenalary zenan demonstranta berk çäre gördi. Demonstrant janpenalar tarapyndan saçyndan süýrelip, sergi merkezinden çykaryldy.

Fransiýada birnäçe wagtdan bäri garşylyk görkezilýän kanuna görä sentýabr aýyndan başlap hormatly dynç alyşa çykma ýaşy tapgyrlaýyn häsýetde ýokarlandyrylyp, 2027-nji ýylda 63 ýyl 3 aýa, 2030-njy ýylda bolsa 64 ýaşa göteriler.

Ýurtda hormatly dynç alyşa çykmak üçin 2027-nji ýyldan başlap 43 ýyl zähmet çekmeli bolar. Fransiýada 62 bolan hormatly dynç alyşa çykma ýaşy, günbatar Ýewropadaky ýurtlaryň ençemesinden aşakda. Hormatly dynç alyşa çykma ýaşy İspaniýada 65, Britaniýadan 66 bolan bolsa, İtaliýada we Germaniýada 67 ýaşa göterilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Finlýandiýa Ukraina esger iberip biler
Szinpin maýyň birinji ýarymynda üç Ýewropa ýurduna sapar eder
ÝB-niň Raýatlary Donbass Üçin Söweşmez
Russiýada guralan terrorçylykly hüjüm ýazgarylýar
Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wideoaragatnaşyk arkaly Uly ýediligiň DIM-leriniň duşuşygyna gatnaşar
Russiýa Fransiýa Reaksiýa Bildirdi