Malaýziýanyň motosikletli ekspedisiýasynyň sürüjileri Türkmenistana geldiler, TDU-da taýýarlygyň durmuş işi ugry açylar, Türkmenistan Döwlet muzeýinde deri önümleriniň sergisi açyldy we beýleki habarlar

Malaýziýanyň motosikletli ekspedisiýasynyň sürüjileri Türkmenistana geldiler, TDU-da taýýarlygyň durmuş işi ugry açylar, Türkmenistan Döwlet muzeýinde deri önümleriniň sergisi açyldy we beýleki habarlar

Türkmenistan

1.London Kuala-Lumpur ugry boýunça hereket edýän Malaýziýanyň motosikletli ekspedisiýasynyň sürüjileri Türkmenistana geldiler.Bu taslama Malaýziýanyň Halkara söwda we senagat ministrligi tarapyndan işe girizildi we şonuň goldaw bermegine amala aşyrylýar.

Alty sany motosikl sürüjisinden ybarat bolan ekspedisiýa 66 günüň içinde 16 ýurtdan we 66 şäherden geçip, Malaýziýanyň Garaşsyzlygynyň 66 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Kuala-Lumpur şäherine baryp ýeter.Motosürüjiler Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanşyp, ýollaryny Mara tarap dowam etdirdiler, olar soňra Türkmenabada, ol ýerden bolsa Farap serhet nokady arkaly Özbegistanyň Buhara şäherine tarap ugradylar.

2.Täze okuw ýylynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde taýýarlygyň durmuş işi boýunça täze okuw ugry açylar we oňa 10 adamy kabul ediler.Bu ugurda bilim alan uçurymlar zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça döwlet edaralarynda, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, IIM-de, ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynda, kärhanalarda we guramalarda durmuş işi boýunça hünärmen, pedagog hem-de pedagog-psiholog hökmünde işläp bilerler.

3. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli gön önümlerini taýýarlamak senedine bagyşlanan wagtlaýyn sergi açyldy. Sergide deriden taýýarlanan önümler: milli saz gurallary, deriden şaý-sepler, aw enjamlary, öý goşlary, egin-eşikler görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde meşhur suratkeşleriň deride döreden eserleri we köne suratlar bilen tanyşmak mümkindir.

4.Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda ýerleşýän Täze durmuş daýhan birleşiginiň meýdanlarynda pagta ekinlerine ideg etmek boýunça möwsümleýin işler gyzgalaňly dowam edýär. 1200 gektar meýdanda aýratyn ünsi we aladany talap edýän gymmatly senagat ugurly ekin ösdürilip ýetişdirilýär.

Köp sanly daýhanlar güýz möwsüminde ak altynyň bol hasylyny almagy we döwletiň öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirmegi maksat edinýärler.Bu ýyl Täze durmuş daýhan birleşiginiň daýhanlary 2640 tonna pagta hasylyny ýygnamagy we Watan harmanyna tabşyrmagy meýilleşdirýärler.

5. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň habar bermegine görä, iýul aýynyň ahyryna çenli ýurduň ähli welaýatlarynda we paýtagtynda yssy we az bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +43 gradusa çenli ýetip, gijelerine bolsa +21 gradusa çenli peselip biler. Demirgazykdan ugruny üýtgedýän şemal öwsüp, onuň tizligi sekuntda 17 metre çenli ýokarlanar.

Dünýäde

6. 2023-nji ýylyň awgustynda birbada iki gezek aýyň 1-ne we 31-ne dolan Aý görner. 31-nji awgustda Super Aý hadysasy hem bolup geçer, ýagny Aý perigeýe Ýere iň ýakyn nokadyna geler, şonuň üçin hem ol adaty göwrüminden has uly görner. Şol gün Ýeri bilen onuň hemrasynyň aralygy 354 müň 27 kilometre barabar bolar.

Super Aý hadysasy bolup geçjek gijede Aý apogeýde Ýerden iň uzak nokadyndaky göwrüminden, takmynan, 13,5% uly görüner.

7. Özbegistanyň we Wengriýanyň paýtagtlarynyň arasynda göni howa gatnawy şu ýylyň awgust aýynda ýola goýlar. Uçuşlary Qanot Sharq özbek awiakompaniýasy Airbus A320 uçarynda amala aşyrar. Bu ugur boýunça uçuşlary 20-nji awgustda başlamak meýilleşdirilýär.

8.Mobileye kompaniýasy awtoulaglara ýol belgilerindäki maglumatlary okamaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýany işläp düzdi.Akylly awtoulagyň datçikleri ýol hereketiniň belgilerindäki maglumatlary hasaba alyp, bu köçede rugsat berlen iň ýokary tizligi kesgitläp biler, şeýle hem suratly belgileri, mysal üçin, Seresap boluň, çagalar bar!

belgisini okap, tizligi şoňa görä sazlap biler.Mobileye kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, Norwegiýada, Türkiýede we Ysraýylda güwänamalary (sertifikatlary) bardyr.

Sport habarlary

9.Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasynda ilkinji futzal ýaryşy dowam edýär. 24-nji iýulda ýaryşyň ikinji aýlawynyň duşuşyklary geçirildi.Türkmen futzalçylary ýaryşyň ýer eýelerinden Täjigistanyň milli ýygyndysyndan asgyn geldi (2:4).

Günüň beýleki oýunlarynda Owganystanyň milli ýygyndysy Özbegistan bilen duşuşykda ynamly ýeňiş gazandy (4:3), Eýran bolsa iň pes aratapawut bilen Gyrgyzystany (1: 0) ýeňdi.Iki aýlawyň netijeleri boýunça ýaryşyň sanawynda öňdebaryjylyk alty utuk toplan Owganystana degişlidir.

Ondan soň deň mukdarda utuk toplan dört topar Özbegistan, Täjigistan, Türkmenistan we Eýran barýar.

10.Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda garyşyk söweş sungaty MMA, el-aýak we ählumumy söweş, hapkido we kabaddi boýunça açyk çempionat geçirildi.Bäsleşige 200-den gowrak dürli ýaşdaky söweşiji gatnaşdy. Çäre Türkmenistanyň Hanmudo söweş sungaty federasiýasy, Aşgabat şäheriniň we Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport boýunça baş müdirlikleri tarapyndan guraldy.

Bäsleşikler geljekde halkara ýaryşlarynda ýurduň abraýyny gorajak täze zehinleri ýüze çykarmaga kömek etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giňden bellenildi, Maryda türkmen-eýran sergisi açyldy, Ýylyň parlak ýyldyzy 2023 atly aýdymçylaryň arasyndaky bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar kesgitlendi we beýleki habarlar
Türkmenistanda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin seçip alyş işleri başlanýar, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi 5 gün dowam eder we beýleki habarlar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
USAID TechYouth Bootcamp maksatnamasynyň uçurymlaryna iş ýoluna gadam urmaga kömek etmek üçin iş orunlar ýarmarkasyny geçirdi
Tecno Mobile brendi Spark 10 smartfonlarynyň täzelenen tapgyryny tanyşdyrdy
Elektroulag öndürijisi üç sany zawod gurar