Mançester hem-de Madrid derbileri we hepdäniň beýleki esasy duşuşyklary

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň nobatdaky tapgyrlarynda bir-birinden gyzykly bolar diýlip çaklanylýan oýunlar, derbiler janköýerlere garaşýar.

Tutuş Ýewropa boýunça tapgyryň iň esasy 2 duşuşygy Mançester hem-de Madrid şäherlerinde bolar.Angliýanyň “Premier Ligasyna” şowsuz başlan, ýöne kem-kemden özlerini dürsäp ugran Mançester şäheriniň 2 wekiliniň “Mançester Siti” bilen Çempionlar ligasynyň ýaryşyndan çykan “Mançester Ýunaýtediň” arasyndaky oýun köpleriň esasy üns merkezinde bolar.

Hepdäniň şenbe güni, ýagny 12-nji dekabrda oýnaljak derbi Aşgabat wagty bilen 22:30-da başlanar.Bu oýun iki toparyň arasyndaky 183-nji duşuşyk bolup, ondan öňki oýunlarda “Ýunaýted” 76, “Siti” 54 gezek ýeňiş gazandy. 52 oýun deňlikde tamamlandy. 263 goly “Ýunaýted”, 249 goly-da “Siti” toparynyň oýunçylary geçirdi.

Madrid derbisi Türkmenistan sport teleýaýlymynda görkeziler

Bu derbiniň yzysüre Madridde-de uly duşuşyk oýnalar. Çempionlar ligasynda soňky oýunlarynda 1/8 finala çykmagy başaran “Real” bilen “Atletikonyň arasyndaky duşuşyk 12-nji dekabrdan 13-üne geçilýän gije Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlar we “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziler. Çempionatda 11 oýunda eýýäm 3 gezek utulan “Real Madrid” öz meýdançasynda 10 ýeňlişsiz barýan “Atletiko” bilen ähli ýaryşlary hasaba alanyňda 226-njy gezek duşuşar. Şolarda “Real 111, “Atletiko” 56 gezek ýeňiş gazandy. Şeýle-de bu oýun iki klubuň arasyndaky 167-nji “La Liga” duşuşygy bolar. “La Ligada” “Real” 88, “Atletiko” 39 gezek ýeňiş gazandy.

Angliýada ýene bir esasy oýun janköýerleriň ünsüni özüne çekýär.Italiýaly hünärmen Karlo Ançelottiniň tälim berýän “Ewerton” topary onuň ozalky tälimçilik eden klublarynyň biri “Çelsini” kabul eder. 13-nji dekabrdan 14-nji dekabra geçilýän gije Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlanjak PSŽ “Lion” duşuşygy hem Ýewropadaky esasy oýunlaryň biri bolar.

Bu oýun hem Türkmenistan sport teleýaýlymynda görkeziler.

12-nji dekabr:

18:30 Soçi Spartak M

19:30 Borussiýa D Ştutgart

21:00 Marsel Monako

21:00 Zenit Dinamo M

22:30 Man. Siti Man. Ýunaýted

22:30 Union Berlin Bawariýa

01:00 Real Madrid Atletiko

01:00 Ewerton Çelsi

13-nji dekabr:

16:30 Kaliari Inter

18:30 Krasnodar – Lokomotiw

19:15 K. Palas – Tottenham

21:00 Alanýaspor Beşiktaş

21:30 Fulham Liwerpul

22:00 Jenoa Ýuwentus

22:00 Baýer Hoffenhaým

00:45 Milan Parma

01:00 PSŽ Lion

The post Mançester hem-de Madrid derbileri we hepdäniň beýleki esasy duşuşyklary appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
Bundesligada möwsüm tamamlandy
Karlo Ançelotti Realdan soň karýerasyny tamamlar
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
29 ýyldan soň UEFA-nyň 3 ýaryşynda-da italýan klublary finalda