“Mançester Ýunaýted” ispan klublaryndan ejir çekýär

UEFA Ýewropa Ligasynda ýarym finalçylar belli bolup, Mançester Ýunaýted ýene-de ispan klubuna hötde gelip bilmedi.Angliýada 2-2 deňlikde tamamlanan duşuşygyň jogap oýnunda Sewilýa öz meýdançasynda Mançester Ýunaýtediň derwezesinden jogapsyz 3 pökgi girizdi.

Gollary 8-nji we 81-nji minutlarda En-Nesiri hem-de 47-nji minutda Bade geçirdi.Sewilýa topary Mançester Ýunaýtedi soňky 6 ýylda 3-nji gezek Ýewrokubok ýaryşlaryndan çykardy.

Umumylykda Mançester Ýunaýtede soňky 6 möwsümden bäri ispan klublaryndan utulyp, UEFA-nyň ýaryşlarynda nobatdaky tapgyra geçmek başardanok.Sewilýa soňky 10 ýylda 5-nji gezek ýarym finala çykyp, şolaryň 4-sinde kubogy eýeläpdi.

Ýuwentus hem öz meýdançasynda 1-0 ýeňiş gazanmagyň hözirini jogap duşuşygynda gördi. Sporting bilen myhmançylykda 1-1 hasabynda deňme-deň oýnap, 22-nji gezek Ýewrokuboklarda ýarym finala çykdy. Ýuwentus bu ugurda Real Madridden, Bawariýadan hem-de Barselonadan yza galýar.

Öz meýdançasynda 1-1 deňme-deň oýnan Baýer myhmançylykda Ýunion Sent-Žilluany uly hasap bilen, 4-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Lewerkuzenlileriň gollaryny Diabi, Bakker, Frimpong hem-de Hložek öz atlaryna ýazdyrdylar.

Mundan 1 hepde öň Rotterdamda 1-0 asgyn gelen Roma öz meýdançasynda Feýenoordy goşmaça wagtda 4-1 hasabynda utup, ýarym finala çykdy. Romanyň gollary esasy wagtda Spinazzola (60) bilen Dibala (89), goşmaça wagtda-da El-Şaarawi (101) bilen Pellegrini (108) derwezä girizdi. Feýenoordyň adyndanam Paişao tapawutlandy (80).

Ýarym finalda Ýuwentus bilen Sewilýa, Roma bilenem Baýer duşuşar. Ýarym finalyň duşuşyklary 11-nji hem-de 18-nji maýda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

16 duşuşyk 48 gol
Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň gatnaşyjylary belli boldy
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Eýran Serdar Azmunyň bir goly we bir assisti bilen Owganystanyň ýygyndysyny uly hasapda ýeňdi
21-nji aprel Türkmenistanda baýramçylyk we dynç güni diýlip yglan edildi, Türkmenistan harby-taktiki okuwlary geçirer, Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda rus dili boýunça Olimpiadanyň jemi jemlendi we beýleki habarlar
ÝL çärýek final: Serdar Azmunyň golly pasy Baýeri ýeňlişden halas etdi