Eýran Serdar Azmunyň bir goly we bir assisti bilen Owganystanyň ýygyndysyny uly hasapda ýeňdi

Eýran Serdar Azmunyň bir goly we bir assisti bilen Owganystanyň ýygyndysyny uly hasapda ýeňdi

Şu gün Bişkek şäherindäki Dolen Omruzakow adyndaky stadionda CAFA Nations Cup-2023-iň ikinji tapgyrynyň çäginde Eýranyň ýygyndysy owganystanly futbolçylary 6:1 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykdaky ilkinji goly Baýeriň hüjümçisi Serdar Azmun 20-nji minutda geçirdi. Şondan bir minut soňra Portunyň hüjümçisi Mehdi Taremi hasaby 2:0-a çykardy. 26-njy minutda Taremi duşuşykda ikinji gezek tapawutlandy ― 3:0. Duşuşykda eýran ýygyndysynyň dördünji goluny Serdar Azmundan alan pasy bilen Feýenoordyň futbolçysy Alireza Jahanbahş geçirdi.

Ikinji ýarymyň başynda Mehdi Taremi duşuşykdaky üçünji goluny hem geçirdi. Owganystan bu gollara Farşad Nuruň owadan goly bilen jogap beren hem bolsa, eýranly futbolçy Reza Asadi ýygyndynyň altynjy goluny hem geçirip, duşuşygyň netijesini kesgitledi.

Bu duşuşykdan soňra Eýranyň ýygyndysy B toparçanyň başyna geçip, gyrgyz ýygyndysy bilen bilelikde CAFA Nations Cup-2023-iň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Toparçada birinji ornuň gutarnykly eýesi 16-njy iýunda Eýranyň we Gyrgyz Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek duşuşykdan soň belli bolar.

Ýene degişli makalalar

ÝL çärýek final: Serdar Azmunyň golly pasy Baýeri ýeňlişden halas etdi
21-nji aprel Türkmenistanda baýramçylyk we dynç güni diýlip yglan edildi, Türkmenistan harby-taktiki okuwlary geçirer, Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda rus dili boýunça Olimpiadanyň jemi jemlendi we beýleki habarlar
Baýer ýene-de ýeňdi, Azmun ýene-de gol urdy
Türkmenhowaýollary Moskwa gatnawlaryny togtatdy, Lebapda 500-den gowrak ýaş mugallym işe başlar, Türkmenistan Galkynyş gaz känindäki mümkinçiliklerini artdyrýar we beýleki habarlar
Zenitiň Serdar Azmuny yzyna gaýdyp almagy mümkin
Türkmenistan Primorskiý kraý sebitinde suw joşgunyndan ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberdi, Astrahan Aşgabatdan kinematograflar toparyny arşy almaga taýýarlanýar we beýleki habarlar