“Mançester Ýunaýtedden” garaşylmadyk ýeňliş, “Liwerpul” “Tottenhamy” kabul eder

Angliýanyň “Premier Ligasynda” 20-nji tapgyryň çäginde “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda autsaýder “Şeffild Ýunaýtedi” kabul etdi. Ýer eýeleri käbir görkezijilerde öňe saýlansa-da, hasap boýunça 2-1 asgyn geldi. 23-nji minutda Braýan myhmanlary öňe saýlady. 64-nji minutda Maguaýr bilen hasaby deňlän “mankunianlara” 74-nji minutda Burkeni goluny saklamak başartmady. Şeýlelikde, “Mançester Ýunaýtediň” 13 oýunlap ýeňilmezekligini “Şeffild Ýunaýted” soňlandyrdy.

Bu üstünlik “Şeffild Ýunaýtediň” möwsümdäki 2-nji ýeňşidir. “Şeffild Ýunaýted” 1973-nji ýylyň dekabryndan bäri “Mançester Ýunaýtedi” “Old Traffordda” ilkinji gezek ýeňdi.

Şeýle-de “Çelsi” täze tälimçisi Tomas Tuheliň ýolbaşçylygyndaky ilkinji oýnunda “Wulwerhempton” bilen golsuz deňme-deň oýnady. Çempionlyk ugrunda dalaş edýän iki topar “Ewerton” bilen “Lester Siti” Hames Rodriges hem-de Tilemansyň garşylykly gollary esasynda 1-1 deňme-deň oýnap, biri-birilerine badak saldy.

“LIWERPUL” – “TOTTENHAM” DUŞUŞYGY

“Premier Ligada” tapgyryň jemleýji duşuşygynda iki öňdebaryjy topar soňky çempion “Liwerpul” bilen çempionlyga ymtylýan “Tottenham” duşuşar. Duşuşyk şu gije Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlar.

The post “Mançester Ýunaýtedden” garaşylmadyk ýeňliş, “Liwerpul” “Tottenhamy” kabul eder appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

FA Kubogynyň 1/16 finalynda iki läheň duşuşar
7000-nji gol
Nottingam Forest transferden doýanok
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Angliýanyň “Premier Ligasynda” 10 günde 30 duşuşyk oýnalar
“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy