Nottingam Forest transferden doýanok

Angliýanyň Premier Ligasyna 23 ýyldan soň dolanan Nottingam Forest topary transferden doýanok.Klub golaýda 16-njy futbolçysyny transfer etdi.Olaryň 16-njy futbolçysy Morgan Gibbs-Waýt bolup, topar bu transfer üçin Wulwerhempton klubuna 25 million funt sterling berer. Şeýlelikde, Gibbs-Waýt klubuň taryhyndaky iň gymmat transfer hökmünde hasaba alyndy.

Goşmaçalar bilen Nottingem Forest ýene-de 17,5 million ýewrony Wulwerhempton toparyna bermeli bolar.Asly Ýamaýkadan bolan angliýaly futbolçy Nottingam Forest bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. 22 ýaşyndaky futbolçy täze klubunda 10-njy belgili köýnekçäni geýer.

Geçen möwsümi Şeffild Ýunaýtedde kärendesine oýnan Gibbs-Waýt 40 oýunda 13 gol geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

FA Kubogynyň 1/16 finalynda iki läheň duşuşar
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
“Mançester Ýunaýtedden” garaşylmadyk ýeňliş, “Liwerpul” “Tottenhamy” kabul eder
Angliýanyň “Premier Ligasynda” 10 günde 30 duşuşyk oýnalar
“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy
“Tottenham” 1-nji orunda, “M. Siti” toparyndaky pese gaçyşlyk dowam edýär Angliýanyň 9-njy tapgyry