Möwsümdäki ilkinji ýeňşi

Angliýanyň çempionaty “Premier Liganyň” 18-nji tapgyrynyň käbir duşuşyklary geçirildi. Şolaryň birinde mundan öňki 17 oýunda ýeňiş gazanyp görmedik, soňky orunda barýan “Şeffild Ýunaýted” ahyry bu şowsuzlygynyň üstesinden geldi.

Topar öz meýdançasynda “Nýukasl Ýunaýtedi” 1-0 hasabynda ýeňip, möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy.Geçen möwsümi 9-njy basgançakda tamamlan “Şeffild Ýunaýtede” ýeňiş getiren ýeke-täk goly 73-nji minutda penaltiden Billi Şarp derwezä girizdi.

Bu ýeňişden soň, “Şeffild Ýunaýted” utugyny 5-e ýetirdi.Toparyň ligada galmak mümkinçiligi her tapgyrdan soň azalýar.

Tapgyryň ýene bir duşuşygynda “Ewerton” myhmançylykda “Wulwerhemptondan” 21 üstün çykdy. “Ewertona” ýeňiş getiren gollary Iwobi (6) bilen Kin (77) derwezä girizdi. “Wulwerhemptondan” Neweşiň (14) goly ýeňşe ýetmedi.

The post Möwsümdäki ilkinji ýeňşi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy
Dünýäniň iň gadymy futbol ýaryşynyň finalynda ilkinji Mançester derbisi
Mane şikesli bolsa-da, Katara çagyryldy Senegalyň düzümi belli boldy
“Mançester Ýunaýtedden” garaşylmadyk ýeňliş, “Liwerpul” “Tottenhamy” kabul eder
FA Kubogynyň 1/16 finalynda iki läheň duşuşar
“Arsenal” özüni dürseýär