“Arsenal” özüni dürseýär

Angliýanyň çempionaty “Premier Liganyň” 17-nji tapgyrynyň çäginde “Arsenal” myhmançylykda “West Bromwiç Albion” topary bilen duşuşdy.Myhmanlaryň artykmaçlygynda geçen oýunda londonlylar 4-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Topçulara ynamly ýeňiş getiren gollary 1-nji ýarymda Tirni (23) bilen Saka (28), 2-nji ýarymda-da soňky oýunlarda yzygiderli tapawutlanýan Lakazett (61, 64) derwezä girizdi. Şeýlelikde, 15-nji tapgyrda 7 oýunda soň, ýeňiş gazanan “Arsenal” yzly-yzyna 3-nji gezek garşydaşlaryndan üstün çykdy.

Kem-kemden özüni dürsäp başlan “Arsenal” bu tapgyrdan öň “Braýtony” hem ýeňipdi.Möwsümdäki 7-nji ýeňşini gazanan “Arsenal” 11-nji orna beýgeldi.

Şeýle-de Angliýanyň 17-nji tapgyrynyň çäklerinde şu wagta çenli şu duşuşyklar geçirildi:

Ewerton West Ham: 0-1

Mançester Ýunaýted Aston Willa: 2-1

Tottenham Lids: 3-0

Kristal Palas Şeffild Ýunaýted: 2-0

Braýton Wulwerhempton: 3-3

West Bromwiç Arsenal: 0-4

The post “Arsenal” özüni dürseýär appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy
Angliýanyň “Premier Ligasynda” 10 günde 30 duşuşyk oýnalar
“Tottenham” 1-nji orunda, “M. Siti” toparyndaky pese gaçyşlyk dowam edýär Angliýanyň 9-njy tapgyry
Nottingam Forest transferden doýanok
FA Kubogynyň 1/16 finalynda iki läheň duşuşar
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi