Mariýa Zaharowa Hamasa minnetdarlyk bildirdi

Mariýa Zaharowa Hamasa minnetdarlyk bildirdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa: "Hamas bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda 29-njy noýabrda Gaza zolagynda ýesirlikde saklanan raýatlarymyz Ýelena Trufanowa we Irina Tatti azat edildi. Dowamly ýüzlenmelerimize oňyn jogap berendigi üçin Hamasa minnetdardyrys. Gaza zolagynda saklanýan beýleki raýatlarymyzyň hem iň gysga wagtda azat edilmekleri üçin işlerimizi dowam etdirýäris" diýip beýan etdi.

29-njy noýabrda Hamas rus raýaty bolan 2 ýesiriň azat edilendigini we Gyzyl ýarymaý jemgyýetine gowşurylandygyny habar beripdi.

Hamas 26-njy noýabrda Rin Kriwoý atly rus raýaty Ysraýyl we Palestinanyň arasyndaky ýesir ylalaşygyndan garaşsyz ýagdaýda azat edipdi, Zaharowa Hamasyň ädimini ýagşy niýetiň görkezijisi hökmünde häsýetlendiripdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanlylar Russiýada urlup-ýenjilen azerilere duýgudaşlyk bildirýär
Russiýanyň, Eýranyň daşary işler ministrleri Türkmenistana bardy, eýran-ysraýyl dartgynlylygy dowam edýär
Russiýa: "ABŞ jogapkärçilige çekilmeli" dıvdı
Ukrainanyň Russiýanyň Belgorod Şäherine Guran Hüjüminde 6 Adam Ýogaldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Lawrow Antalýa Diplomatiýa Forumyna Gatnaşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny