Marynyň döwlet dükanlarynda üç hepdeden gowrak wagt bäri çörek satylmaýar

Marynyň döwlet dükanlarynda üç hepdeden gowrak wagt bäri çörek satylmaýar

Mary welaýatynyň käbir döwlet dükanlarynda üç hepdeden gowrak wagt bäri kesgitli bahadan satylýan arzan çörek satylmaýar. Gündelik sarp edilýän azyk harytlarynyň hususy söwda nokatlarynda bahalary gymmatlaýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy martda habar berdi.

“Eýýäm dördünji hepdäniň başy, her gün adamlar döwlet dükanlarynyň öňünde irden çörek satyn almak umydy bilen nobata durýarlar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Ol çöregiň satylmaýandygyny sözüne goşdy.

Döwlet dükanlaryndaky çörek ýetmezçiliginiň üstünden bir aý geçen ýerler hem bar.

Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň ýaşaýjylary eýýäm bir aý bäri döwlet dükanlarynyň arzan çörek satmaýandygyny aýdýarlar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, döwlet dükanlarynda ozallar bir çörek bir manatdan satylýardy. Hususy dükanlarda çöregiň bahasy bir aý mundan ozal 5-6 manat bolan bolsa, häzir ol 8-9 manada çykdy.

“Çörek döwlet dükanlarynda uly adamlara ikiden, çagalar nobata dursa, olara bir çörekden satylardy. Indi bu hem ýok" diýip, bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Galyberse-de, şäher ýaşaýjylary döwlet dükanlaryna iberilýän beýleki azyk harytlarynyň hem indi üpjün edilmeýändigini aýdýarlar.

“Bize şu günler halka satmak üçin arzan nyrhdan iberilýän harytlaryň hiç biri gelmeýär” diýip, bir döwlet dükanynyň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Baýramaly şäheriniň ýaşaýjylary käbir arzan iýmit önümleriniň indi döwlet dükanlarynda satylmaýandygyny tassyk edýärler.

“Kämahallar ýumurtga satylardy. 6 sany ýumurtga 5 manatdan satylardy. Indi bir aý bäri hiç zat satylmaýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Bu aralykda, hususy söwda nokatlarynda unuň bahasy gymmatlady. Bir aý mundan ozal 400 manatdan bahalanan 50 kilogramlyk bir halta unuň bahasy 600 manada çykdy. Bazar satyjylarynyň sözlerine görä, gymmatçylyk bilen bir hatarda unuň welaýata Aşgabatdan daşalmagynyň töweregindäki meseleler onuň bahasynyň ýokarlanmagyna täsir edýär.

“Biz uny Aşgabatdan getirýäris. Gymmat satyn alýarys. Üstesine-de, ony welaýatyň çägine getirýänçäk, ýollardaky postlara para-pul töleýäris. Olar hem gün-günden para-pullaryny ýokarlandyrýarlar” diýip, bazarda bir un satyjysy gürrüň berdi.

Satyjylaryň sözlerine görä, hususy söwda nokatlarynda unuň ýene-de gymmatlamagyna garaşylýar.

Bazarlarda unuň bahasy bilen bir hatarda, beýleki käbir önümleriniň, şol sanda ýumurtganyň bahasy ýokarlandy.

“Bazarda ýumurtga mundan öň 1,50 manatdy, häzir 3,5 manat boldy” diýip, bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Towuk saklaýan hojalyklar ýumurtganyň bahasynyň göterilmegini iým gytçylygy we gymmatçylygy bilen düşündirýärler.

“Geçen aý towuklara berilýän mekgejöweniň 1 kilogramy 3 manat 80 teňňedi. Şu gün ol 8 manada çykdy. Towuklara berilýän kombikorm 2 manatdan 4 manada gymmatlady" diýip, guşçulyk bilen meşgullanýan ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, öňler 200 manat pula towuklar üçin ep-esli iým satyn alyp bolýardy, häzir 200 manada satyn alnan iým bir kiçi haltany hem doldurmaýar.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda hususy dükanlarda we bazarlarda bahalaryň yzygiderli ýokarlanmagy bilen döwlet dükanlarynda kesgitli bahadan satylýan harytlara isleg artdy.

Bir tarapdan gara bazarda walýutanyň bahasy yzygiderli ýokarlanyp, manadyň hümmeti aşaklaýan wagty, ilatyň satyn alyş ukyby pese gaçdy we köp maşgalalar üçin döwlet dükanlarynda bazar bahasyndan arzan satylýan towuk budy, ösümlik ýagy we şeker ýaly harytlar eklenjiň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Beýleki tarapdan, ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy öňümizdäki günlerde döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň bahalarynyň bazar bahalary bilen deňleşdirilmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Oglum bilen towuk etiniň nobatynda, gyzym çöregiň nobatynda durýarys'. Azyk krizisi dowam edýär
Maryda arzan bahadan towuk eti satuwa çykaryldy. Döwlet dükanlarynda çörek ýeter-ýetmezçiligi saklanýar
​​​​​​​ Farenžitde tebigy bejergi usullary…
Türkmenistan: welaýatlylar azyk ýetmezçiliginden nägile, aşgabatlylar azygyň öýlerine getirilmegine garaşly bolýarlar
2021-nji ýylyň ilkinji çärýeginde Türkmenistanda azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalaryna syn
Türkmenistanda guşçulyk toplumy ösdürilýär