Medeniýet halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Ylham” seýilgähinde Medeniýet halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeligi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2013-nji ýyldan bäri Diýarymyzyň dürli sebitlerinde geçirilip, milli medeniýetiň köpöwüşgünliligini aýdyň açyp görkezýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de medeniýet milletiň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen maddy, ruhy gymmatlyklarynyň we kadalarynyň toplumy bolup, geljekki nesilleriň ruhy-ahlak taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalaryň edilýändigi barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Gurnalan göçme kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri, şeýle hem many-mazmuna ýugrulan birnäçe kitaplar ýerleşdirildi bu bolsa, çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Milli medeniýetiň ösen zamany, arzuwlaryň hasyl boldy Pyragy
Sungatyň we döredijiligiň baýramy
Medeniýetiň, döredijiligiň mekanydyr bu Diýar
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi
Medeniýet sözünden döwür gülleýär, medeniýet sözünden ömür gülleýär
Medeniýet hepdeligimilli sungatymyzyň rowaçlygy