Medeniýet sözünden döwür gülleýär, medeniýet sözünden ömür gülleýär

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet sözünden döwür gülleýär, medeniýet sözünden ömür gülleýär ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmeniň milli medeniýetiniň, sungatynyň has-da pajarlap ösmeginde giň mümkinçilikleriň durmuşa geçirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de medeniýet ýurduň ruhy keşbini, gözelligini, özboluşlylygyny özünde jemleýändigi, halkymyzyň bagtyýar durmuşa bolan söýgüsiniň waspyny ýetirýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimize we sungatymyza beýik sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Milli medeniýetiň ösen zamany, arzuwlaryň hasyl boldy Pyragy
Sungatyň we döredijiligiň baýramy
Medeniýetiň, döredijiligiň mekanydyr bu Diýar
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi
Medeniýet halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi
Medeniýet hepdeligimilli sungatymyzyň rowaçlygy