Meşhur futbolçy Bekkenbauer 78 ýaşynda aradan çykdy

Meşhur futbolçy Bekkenbauer 78 ýaşynda aradan çykdy

Ady rowaýata öwrülen germaniýaly futbolçy Frans Bekkenbauer 78 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada TASS DPA neşirine salgylanyp habar berýär.

Bekkenbauer futbol taryhynyň iň güýçli goragçylarynyň biri. Ol Germaniýa Federatiw Respublikasynyň milli ýygyndysynyň hem ozalky kapitanydyr. Milli ýygyndy bilen 1974-nji ýylda dünýäniň, 1972-nji ýylda-da Ýewropanyň çempiony bolan Bekkenbauer Bawariýa bilen dört gezek Germaniýanyň çempiony we Kubogynyň eýesi boldy. Şeýle hem ol bu toparyň düzüminde üç gezek Ýewropa kuboklarynda baýraga mynasyp boldy.

Bekkenbauer Altyn pökgi baýragyna mynasyp bolan ýeke-täk goragçydyr.

Ýene degişli makalalar

9-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Dünýä Kubogyna 40 gün galdy
3-nji TÄLIMÇI
Diňe 8 futbolça başartdy
Iň köp gol geçiren goragçylar
Iň köp gol geçiren goragçylar