Microsoft Windows 7-ni we Windows 8.1-i täzeledi

Microsoft Windows 7-ni we Windows 8.1-i täzeledi

Microsoft kompaniýasy her aý däp bolan sişenbe günlerindäki täzelenişiň (Patch Tuesday) çäklerinde öz operasion ulgamy üçin ýygnalan täzelenişleriň uly tapgyryny goýberdi. Windows 11 we Windows 10 üçin apdeýtler teklip edilýär, ýöne kompaniýa Windows 8.1 bilen Windows 7 ýaly hormata mynasyp weteranlaryny hem ünsden düşürmedi.

Windows 7-niň (КВ5012626) we Windows 8.1-iň (КВ5012670) täzelenişleri, Windows Media Center bilen bagly ýadyň gitmegi, parolyň üýtgemegi we ş.m. ýaly meseleler bilen birlikde, birmahaldan bäri mälim bolan meseleleriň birgidenini aradan aýyrýar.

Windows 8.1-i goldamagyň 2023-nji ýylyň başyna çenli dowam etjekdigini, Windows 7-ä bolsa muzdsuz goldawyň eýýäm berilmeýändigini ýatladýarys.Microsoft Windows 7 operasion ulgamy goldamagyny iki ýyl mundan öň — 2020 ýylyň 14 ýanwarynda bes etdi.

StatCounter-iň maglumatlaryna laýyklykda, 2022 ýylyň martyndaky ýagdaý boýunça dünýädäki Windows-li personal kompýuterleriň umumy sanyndan Windows 7 bilen Windows 8.1-e bilelikde düşýän paýyň 15%-den hem köpräkdigini bellemek gerek.

Russiýada bu görkeziji 27%-den geçýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan oýun belli edildi
5-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy täzelikleri Turkmenportal
Türkmen wekiliýeti London we Daşkent şäherlerinde geçiriljek atly ýaryşlara gatnaşar
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISINDE ŞU ÝYLYŇ ÝANWAR-APREL AÝLARYNDA DIM TARAPYNDAN AMALA AŞYRYLAN IŞLERINIŇ NETIJELERI BARADA HASABAT BERILDI
Türkmen wekiliýeti Windzor halkara atly oýunlara we atly ýaryşlara gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Gurbanguly Berdimuhamedow Windzor galasynda geçirilen atly sport çykyşlaryna tomaşa etdi