Milanda gije buzgaýmak we pissa iýmegi gadagan etmekçi bolýarlar

Milanda gije buzgaýmak we pissa iýmegi gadagan etmekçi bolýarlar

Italiýanyň Milan şäheriniň häkimligi iýmit, şol sanda pissa, buzgaýmak we içgileri eltip berme hyzmatyny gije ýarymdan soňra gadagan etmek barada kanun taslamasyny teklip etdi. Bu barada Sky News teleýaýlymyna salgylanýan Izwestiýa habar berdi.

Ýerli häkimiýetler şeýle etmek bilen, adamlaryň gijelerine şäheriň köçelerinde hümerlenişip durmagyny bes etmek isleýärler, sebäbi olar ýerli ýaşaýjylara rahat uklamaga päsgel berýärler. Eger kanun taslamasy kabul edilse, maýdan noýabr aýy aralygynda dynç we baýramçylyk günleri iýmitdir içgileri açyk ýerlerde sagat 00:30-dan soňra satmak gadagan ediler.

Indi Milan şäheriniň ýaşaýjylarynyň maýyň başyna çenli kanuna garşy ses bermäge we oňa üýtgetmeler girizmäge wagty bolar.

Ýeri gelende aýtsak, 2013-nji ýylda hem şeýle kanuny girizmäge synanyşdylar, emma garşylyk çykyşlary bolansoň, goýbolsun edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Milanda geçiriljek 24-nji “Triennale Milano” halkara sergisine gatnaşar
ÝÇL-iň çärýek finalynyň ähli gatnaşyjylary belli boldy
Aşgabat — Milan — Aşgabat göni howa gatnawy ýola goýuldy
Inter ÝÇL-iň 1/8 finalynyň deslapky oýnunda Atletikodan üstün çykdy
THÝ-nyň Italiýa guramagy meýilleşdiren käbir uçar saparlary goý bolsun edildi
Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy