Inter ÝÇL-iň 1/8 finalynyň deslapky oýnunda Atletikodan üstün çykdy

Inter ÝÇL-iň 1/8 finalynyň deslapky oýnunda Atletikodan üstün çykdy

Italiýanyň Inter topary Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň deslapky oýnunda Ispaniýanyň Atletiko klubuny ýeňlişe sezewar etdi. Milan şäherindäki Juzeppe Meýassa stadionynda geçirilen oýun 1:0 hasabynda tamamlandy.

Interiň düzüminde ýeňiş getiren ýeke-täk goly Marko Arnautowiç derwezä ýollady.

ÝÇL-iň 1/8 final tapgyryndan orun alan günüň beýleki oýnunda Borussiýa (Dortmund) myhmançylykda PSW bilen deň oýnady. Bu jübütleriň arasyndaky jogap oýunlary 13-nji martda degişlilikde, Madrid we Dortmund şäherlerinde geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, ýaryşyň häzirki çempiony Angliýanyň Mançester Siti kluby hasaplanýar. Iňlis kluby geçen ýylky finalda Interi ýeňlişi sezewar edipdi.

ÝÇL-iň şu möwsüminiň finaly 1-nji iýunda London şäherindäki Uembli stadionynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

21-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
“Inter”, “Milan” we “Atalanta” toparlarynyň täze transferleri
Fransiýanyň garaşylmadyk ýeňlişi
“Inter” birinji orna geçmekden boýun towlady
Çempionatyň 700-nji goly we Awstriýanyň ilkinji ýeňşi