“Milanda” Montellanyň ornuna Gattuso

Italiýanyň “Milan” toparynyň soňky tapgyrda “Torino” bilen deňme-deň oýnamagynyň yzysüre klubuň ýolbaşçylary tälimçi Winçenzo Montellany wezipesinden boşatdylar.Onuň ornuna klubuň öňki oýunçylaryndan 39 ýaşly Jennaro Gattuso bellendi. “Sion”, “Palermo”, “OFI Grete”, “Pisa” toparlarynda işlän Gattuso “Milanyň” ýaşlaryna tälim berýärdi. “Serie A-nyň” başga bir kluby “Sassuola” hem tälimçisini çalyşdy.

Mundan soň, topara Kristian Buççiniň ornuna Juiseppe Iaçini tälimçilik eder.Golaýda “Udinezede” hem Luiji Del Neriniň deregine Massimo Oddo wezipä bellenilipdi. “Serie A-da” täze möwsümiň entek 1-nji aýlawy tamamlanmanka, 6 tälimçi çalşyryldy.Angliýada “Ewerton” toparynda Ronald Kumanyň ornuna Sem Allardaýs wezipä bellendi. Şeýle-de “West Bromwiçde” hem Toni Pulisiň deregine angliýaly Alan Pardýuw toparyň täze tälimçisi boldy. “Premier ligada” eýýäm şu möwsüm 5 topar tälimçisini üýtgetdi.

Ýene degişli makalalar

50 oýundan soň, ilkinji gezek
Ilkinji ýeňişler, ilkinji ýeňlişler
“Serie A”-da liderlik gezegi “Milanda”
Kembek eden “Milan” birinjiligini saklamagy başardy
“Serie A”-da ýene-de lider üýtgedi
“Inter” ýyly lider tamamlar
Ýer eýeleriniň ýekejesi hem ýeňiş gazanyp bilmedi