Milli medeniýetiň toýlanýar toýy, Pyragyň arzuwlan bagtyýar döwri

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Milli medeniýetiň toýlanýar toýy, Pyragyň arzuwlan bagtyýar döwri atly göçme sergi gurnaldy hem-de çäre geçirildi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralaryň milli medeniýetimizi ösdürmekde, dünýä ýaýmakda, dost-doganlygy berkitmekde, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy has ýokary derejelere çykarmakda, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, adamzada goýan baý mirasyny öwrenmekde we giňeltmekde örän uly ähmiýete eýedigi hakynda çärede çykyş etdiler.

Olar söz ussady Magtymguly Pyragynyň agzybirlikde, jebislikde, parahatçylykda bir supranyň daşyna jem bolup, bir döwlete gulluk etmäge çagyran dana pikirleri, öwüt-nesihatlary halkymyzyň we döwletimiziň milli ýörelgesine öwrülendigi barada hem durup geçdiler. Çäräniň dowamynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp gurnalan göçme sergi bilen tanyşdyryldy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, türkmen edebiýatyny döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Medeniýet-milletiň aň kämilligi
Milli medeniýetiň ösen zamany, arzuwlaryň hasyl boldy Pyragy
Sungatyň we döredijiligiň baýramy
Medeniýetiň, döredijiligiň mekanydyr bu Diýar
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi
Medeniýet sözünden döwür gülleýär, medeniýet sözünden ömür gülleýär