Milli mirasy öwrenmekde halypa-şägirtlik mekdebi atly okuw maslahaty

Milli mirasy öwrenmekde halypa-şägirtlik mekdebi atly okuw maslahaty

2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Milli mirasy öwrenmekde halypa-şägirtlik mekdebi atly okuw maslahaty geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy G.Magtymgulyýewa alyp bardy.

Bu okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň çeperçilik akademiýasynyň prorektory N.Ýagşymyradow, Milli medeni mirasym dünýe içre şöhratym atly çykyşy bilen Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky Medeniýet merkeziniň folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy M.Orazalyýew, El hünäri il gezer atly çykyşy bilen Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy A.Annaamanowa, Bagşyly il bagtly il atly çykyşy bilen Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky Magtymguly Garlyýew geňeşliginiň Magtymguly Garlyýew adyndaky muzeýiniň direktory B.Orazmämmedow, Türkmen milli zähmet gurallary atly çykyşy bilen Mary welaýatynyň Baýramaly Medeniýet merkeziniň režissýory N.Söýünow, Taryhyň goragçysy - tagmalar atly çykyşy bilen Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiňiň mugallymy D.Annagulyýew, Tebigatyň ajaýyp nusgalary keçe sungatynda atly çykyşy bilen Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Taryhy muzeýiniň direktory B.Gummyýewa, Kilim dokamagyň usullary atly çykyşy bilen Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky Magdanly şäher Medeniýet merkeziniň medeni-köpçülik çäreleri guramak boýunça instruktor usulyýetçisi R.Ismailowa, Keçe türkmeniň gadymy senedi atly çykyşy bilen Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Suhty geňeşligindäki Suhty oba medeniýet öýüniň müdiri G.Rozyýewa, Milli medeni mirasym dünýä içre şöhratym atly çykyşy bilen Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy G.Seýitjanowa, Alkyş dilegler ýagşy niýetler atly çykyşy bilen Ahal welaýatynyň Tejen şäher Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri O.Öwezowa dagylar çykyş etdiler.

Okuw maslahatynyň dowamynda medeni mirasy öwrenijileriň arasynda Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň el işlerine degişli nusgalary baradaky maglumatlary toplamak maksady bilen Asyrlara ýörelge nesillere görelde atly bäsleşigi geçirmeklik yglan edildi.

Maslahatyň ahyryny okuw maslahatyna gatnaşyjylar bilen milli mirasymyz boýunça özara sorag-jogap alyşmak arkaly jemlenildi.

Ýene degişli makalalar

Jemgyýetiň ösüşinde saz sungatynyň orny
Nokia 25 ýyl mundan öňi düwmeli el telefonyny täzeden öndürmäge başlamakçy
Fossil kompaniýasy täze akylly sagatlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi
Gurban Berdiýewiň topary UEFA-nyň Konferensiýalar ligasyndaky çykyşyny tamamlady
Britaniýa Omicron ştammyna garşy COVID-sanjymyny tassyklady
Dünýäde 200 megapiksel kameraly ilkinji smartfon eýýäm şu ýyl satuwa çykarylar.