Milli önüm hususy kärhanasy geçen ýyl 129 tonna ýüp eksport etdi

Milli önüm hususy kärhanasy geçen ýyl 129 tonna ýüp eksport etdi

Öz işini Lebap welaýatynda alyp barýan Milli önüm hususy kärhanasynda geçen ýyl bäri ýyladyşhanalarda gök önümleri, oba hojalygynda bede-saman desselerini daňmak üçin we beýleki zerurlyklarda ulanylýan ýüpleriň 493 tonnasy öndürildi.

Bu barada Türkmenistanyň sebitleýin neşiri habar berýär.

Degişli döwürde öndürilen önümleriň 129 tonnasy, ýagny, 604 müň 450 manatlygy daşarky bazarlara eksport edildi.

Kärhana 2016-njy ýylda öz işine başlady. Bu ýerde polipropilen gaýtadan işlenilip, öndürilýär. Önümçilikde zerur bolan çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan getirilýär.

Her aýda 50 tonna polipropilen gaýtadan işlenilip,1,3 kilogramdan 5 kilograma çenli agramda öndürilýän ýüplere isleg barha artýar.Germaniýanyň we Türkiýäniň ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrylan bu döwrebap hususy kärhananyň işi doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylyp, önümçilikde işçi-hünärmenleriň 33-si zähmet çekýär.

Milli önümiň harytlary häzirki wagtda içerki bazar bilen bir hatarda Gruziýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan ýaly döwletlere-de eksport edilýär.

Ýene degişli makalalar

Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalaryna çäklendirilen patentler berildi
Türkmenmermer kärhanasy: tebigy daşdan döwrebap örtgi materiallary
Türkmenabadyň pamyk egriji kärhanasynda 900 müň tonnadan gowrak önüm öndürildi
Balam konditer kärhanasynyň süýjülikleri Moskwada geçirilen halkara ýaryşda baýraga mynasyp boldy
Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynda 53 million manatdan gowrak önüm öndürildi
Işewürlik-daýjest: 21 27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri
Türkmen alabaýynyň keşbini çeper şekillendirmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi