Telefonlaryň, ykjam enjamlaryň, aksessuarlaryň we goşmaça esbaplaryň internet-dükany Mobile tm alyjylarynyň arasynda gymmat bahaly sowgatlar goýlan bäsleşik boýunça aksiýanyň dowam edýändigini habar berýär. Tutuş 2023-nji ýylyň dowamynda Mobile tm-de harytlary satyn almak bilen şu baýraklary utup bilersiňiz:
Mobile tm internet-dükanynda näçe köp söwda edilse, şonça-da gymmat bahaly sowgat ykjam telefon utmak mümkinçiligi artýar. Bäsleşik 2023-nji ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanar, şol gün dükanyň saýtynda çäräniň netijeleri we ýeňijileriň atlary ýerleşdiriler.
Dükanymyz tarapyndan guralýan aksiýa gatnaşmak Täze ýylda sowgat bilen özüňi begendirmek, şeýle hem ýokary hilli elektron we beýleki harytlary edinmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir diýip, Mobile tm dükanynyň wekili gürrüň berdi.
Mobile tm saýtynda ykjam telefonlaryň (smartfonlaryň we düwmeli telefonlaryň), stasionar telefonlaryň, simsiz gulaklyklaryň, smart-sagatlaryň, öý üçin akylly enjamlaryň we beýlekileriň dürli görnüşleri hödürlenýär.
Saýtda sargytlar günüň dowamynda kabul edilýär, Aşgabadyň içine eltip bermek hyzmaty sagat 10:00-dan 18:00 aralygynda amala aşyrylýar.
Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 42 04 05, (+993 65) 80 90 90. IMO-daky sahypasy: (+993 65) 80 90 90. Sosial ulgamdaky sahypasy.
Şeýle-de okaň:
