Moraweskiý Amerikan Goranyş Senagaty Bilen Hyzmatdaşlyk Etmek Isleýändiklerini Aýtdy

Moraweskiý Amerikan Goranyş Senagaty Bilen Hyzmatdaşlyk Etmek Isleýändiklerini Aýtdy

Poşanyň Premýer-ministri Mateuş Moraweskiý Ýewropanyň iň güýçli harby goşunyny döretmek üçin Amerikan goranyş senagaty bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýändiklerini beýan etdi.

ABŞ-nyň Prezidentiniň orunbasary Kamala Harris resmi sapar bilen Waşingtonda bolýan Polşanyň Premýer-ministri Moraweskiý bilen Ak Tamda bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Russiýa-Ukraina söweşiniň çäginde Polşanyň Ukraina berýän goldawy, ukrainaly immigrantlary kabul etmegi we NATO-nuň gündogar blogunyň goranyşynda eýeleýän pozisiýasy hakynda durup geçen Harris, ABŞ bilen Polşanyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlüdigini aýtdy.

Harris; Polşa möhüm ýaran, hyzmatdaş we dost. Polşa bilen bilelikdäki ileri tutulýan ugurlara we gymmatlyklara esaslanýan durnukly gatnaşyklarymyz bar” diýdi.

Mateuş Moraweskiý bolsa Warşawa bilen Waşingtonyň günbatar medeniýetiniň iki blogydygyny beýan edip, dünýäniň ençeme sebitinde bilelikde işleşmegiň möhümdigini beýan etdi.

Ukraina berilýän goldawyň ähmiýetine ünsi çekýän Moraweskiý, Ukraina söweşi sebäpli ýurdunda bolşy ýaly ABŞ-da hem artan inflýasiýa we energiýa serişdeleriniň nyrhlaryna ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ, Ysraýyla Goldaw Bermäge Dowam Eder
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Ilkinji Afrika Saparyny Gana, Tanzaniýa we Zambiýa Guraýar
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Kamala Karris Afrika Ýurtlarynda Saparda Bolar
Harris: "Russiýa Ukrainada adamzat jenaýatyny edýär" diýdi
Güler Sabanjy Dünýäniň Iň Güýçli 100 Zenanyndan Biri
Wekiller palatasyna gözegçilik ederler