NASA Aýa Capstone enjamyny uçurdy

NASA Aýa Capstone enjamyny uçurdy

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça edarasy (NASA) sişenbe güni Capstone enjamyny Aýa üstünlikli uçurdy. Bu barada TASS habar berýär.

Ýaýlym NASA-nyň saýtynda görkezildi.Enjamyň uçurylyşy Täze Zelandiýanyň Mahiýa ýarym adasyndaky kosmodromdan ABŞ-nyň Gündogar kenarynyň wagty bilen sagat 5:55-de Rocket Lab amerikan kompaniýasynyň Electron raketa göterijisiniň kömegi bilen amala aşyryldy.

Ilkibaşdaky meýilnamalara laýyklykda Capstone öz missiýasyna 31-nji maýdan 22-nji iýun aralygynda başlamalydy, ýöne uçuşa taýýarlyk görmek boýunça goşmaça işleri geçirmegiň zerurlygy sebäpli ol birnäçe gezek yza süýşürildi.

Capstone enjamy geljekki Gateway stansiýasy üçin orbitany ölçemäge kömek etmeli.Onuň agramy 25 kg barabar.NASA Capstone üç aýyň içinde bellenilen maksada ýetip, Aý orbitasynda azyndan ýarym ýyl bolar diýip çaklaýar.

NASA 2019-njy ýylyň ýazynda Artemis adyny alan astronawtlary Aýa gondurmak programmasynyň üç tapgyry öz içine alýandygyny habar berdi.Birinjisi täze Space Launch System raketa göterijisiniň kömegi bilen Orion gämisini kosmosa çykarmak, ol dolandyrylmaýan režimde Aýyň daşyna birnäçe gezek aýlaw edip, Ýere gaýdyp geler.

Ikinjisi Ýeriň tebigy hemrasyna ekipažly uçmak, bu 2023-nji ýyla meýilleşdirilýär. Üçünji tapgyrda 2025-nji ýylda NASA astronawtlary Aýa eltmegi, soňra olary 2030-njy ýyllaryň ortalarynda Marsa ibermegi göz öňünde tutýar.

Ýene degişli makalalar

Aýyň ýüzüne gonmak üçin taýýarlyk
54 ýyldan soňra Aýa syýahat
Kosmos pudagynda garaşylýan täzelikler
NASA ýarym asyrdan soň ilkinji gezek astronawtlary Aýa ugratdy
Nova-C kosmos gämisi Aýa gondy
Kosmosda iň uzak galan amerikan astronawty rekordy täzelendi
Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy, kosmonawt Oleg Kononenko täze missiýa bilen HKS-e ugrady, Kiçi teatryň Aşgabada sapary yza süýşürildi we beýleki habarlar