Newşehiriň Kaýmakly etrabynyň Guradylan Gaýmagy

Newşehiriň Kaýmakly etrabynyň Guradylan Gaýmagy

Türkiyäniň Iç Anadoly sebitinde tebigy we taryhy gözellikleri bilen giňden tanalýan Newşehir şäheriniň Kaýmakly etraby adyny diýseň üýtgeşik süýt önümine berdi.Kaýmakly etrabynyň ýüz tutmagy netijesinde 2022-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşulan Newşehiriň Kaýmakly etrabynyň Guradylan Gaýmagy mesge ýagy konsistensiýasynda, protein we ýag derejesi örän ýokary, öýjükli, gury, gaty we ýarymaý görnüşindedir.

Sygyryň süýdünden ýasalýan önüm üçin ýygnalan süýt ilki bilen inçe marly bilen süzülýär.Süýt “Tamdyr Öýi” diýip atlandyrylýan we ýere gömülen peçlerde bişirilýär.Süýt gaýnamaga başlanyndan soň, gazan bilen bilelikde tamdyrdan çykarylýar we köz ýagdaýyndaky oduň üstüne mis mejmä ýerleşdirilýär.

Mejme gyzanyndan soň, gyzgyn süýt ýene-de marlydan süzülip tapgyrlaýyn görnüşde mejmäniň üstüne guýulýar. Şol amal bilen emele gelen köpükler, gaýmagyň öýjükli görnüşde bolmagyny üpjün edýär.Takmynan 6 sagat möhlet bilen tamdyrda bişirilen süýtde gaýmak emele gelmäge başlananyndan soň, mis mejmäniň gyrasyna ýapyşan gaýmak pyçak ilen aýrylýar.

Mejmeden aýrylan mahaly ýarym tegelek görnüşe gelen gaýmak, ters öwrülen galbyryň üstüne goýulýar.Täze gaýmagyň mis mejmeden dargatmadan alynmagy we şol maksat bilen ýörite ýagdaýda öndürilen galbyra ýerleşdirilmegi ussatlyk ukybyny talap edýär.

Täze gaýmak gün şöhlesinden uzakda we pes temperaturada bir otagda 24 sagatlap saklanyp guradylýar.Galbyryň deşik-deşik öýjükli bolmagy, ýokardan we aşakydan howa alýan gaýmagyň ähli taraplarynyň deň ýagdaýda we wagtynda guramagyny üpjün edýär.

Her ýyl etrapda festiwaly hem geçirilýän Newşehiriň Kaýmakly etrabynyň Guradylan Gaýmagy sowadyjyda 14 gün, sowuk zynjyry bozulmadan -1 bilen -18 gradus derejede 1 ýyl bozulmadan saklap bolýar.

Ýene degişli makalalar

FAO: apreled azyk harytlarynyň bahasy mart bilen deňeşdirilende birneme peseldi
Dodak Jaýrylmasy we Onuň Bejergi Usullary
FAO: azyk önümleriniň bahalary durnukly
Süýtçiniň arzuwy
FAO: azyk önümleriniň bahasy bäş aý bäri arzanlaýar
Eşitme ukybynyň azalmagynyň öňüni almak üçin tebigy maslahatlar