Nobatdaky “döwrebap obalar” Lebap welaýatynda gurlar

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda döwrebap şäherçeler gurlar. Bu gurluşyk taslamalary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna 25-nji fewralda geçirilen wideoşekilli maslahatyň dowamynda wise-premýer Dädebaý Amangeldiýew tarapyndan hökdürlendi.

TDH-nyň habar bermegine görä, bu şäherçeler Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynyň çäklerinde gurlar.

Şäherçeler 3500 maşgala niýetlenýär we şäherçäleriň çäklerinde mekdepler, çagalar baglary, medeni ojaklar, söwda merkezleri, dolandyryş, jemgyýetçilik hem-de durmuş maksatly binalar gurlar.

Döwlet baştutany şäherçelerde “gök we bakja önümlerini ýetişdirmek üçin zerur şertleriň döredilmeligidini” belledi.

Prezident 2018-nji ýylyň sentýabrynda Ahal welaýatynda döwrebap obalary gurmagy tabşyrdy.

Oktiýabrda prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow täze obanyň düýbüni tutdy.

Ýene degişli makalalar

Köneürgenç etrabynda täze döwrebap obanyň gurluşygy dowam edýär
6-njy Fewraldan Bäri 345 Çadyr we 305 Konteýner Şäherçe Guruldy
Aziada 90 gün galdy. Şöhrat halkyň abadançylygyndan möhüm bolanda
19.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýokary derejede ösen lukmançylyk döwletiň kuwwatynyň nyşanydyr
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýokary derejede ösen lukmançylyk döwletiň kuwwatynyň nyşanydyr
Täze gurluşyklar — Watanymyzyň rowaçlygynyň nyşany