“Nokia” aýda 4G ulgamyny gurar

“Nokia” kompaniýasynyň ABŞ-daky şahamçasy “Nokia Bell

Labs” aýda ilkinji LTE/4G aragatnaşyk ulgamyny gurmak boýunça ABŞ-nyň Milli

aýrenotika we kosmos dolandyryş agentligi (NASA) bilen 14,1 million dollarlyk

şertnama baglaşdy. NASA-nyň “Artemis” maksatnamasynyň çäklerinde baglaşylan bu

şertnamanyň esasynda aýda 4G ulgamy 2022-nji ýylyň soňuna çenli işe giriziler. Bu

aragatnaşyk ulgamyny has soňky ýyllarda 5G ýokarlandyrmak maksat edinilýär.

“Nokia”

kompaniýasy gerekli enjamlary aýa gondurmak üçin eýýäm birnäçe ýyl bäri NASA

bilen ýakyndan işleşýän Hýuston şäherinde ýerleşýän “Intuitive Machines”

kompaniýasynyň tehnologiýasyndan peýdalanar.

Ynamdar,

berk we ýokary geçirijilikli simsiz aragatnaşyk ulgamy ynsanlaryň aýy durnukly

öwrenmeklerini goldamakda esasy faktorlaryň biridir diýip, “Nokia Bell

Labs”-iň direktory Markus Weldon belläp geçýär.

“Artemis”

maksatnamasy 2024-nji ýylda aýa ilkinji zenany we bir erkek adamy uçurmagy göz

öňünde tutýar.

2020-nji

ýylyň ýanwar aýynda “Nokia Bell Labs” kompaniýasy surat sensorlarynyň

kämilleşdirilmegine goşan goşanty üçin tehnologiýa we inženerlik boýunça “Emmy”

baýragyna mynasyp görlüpdi.

Ýene degişli makalalar

Taryhda iň köp satylan ykjam telefon belli boldy
Türkmenaragatnaşyk Huawei we Nokia kompaniýalary bilen şertnama baglaşar
"Altyn asyr" öýjükli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek üçin daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
“Nokia” her satyn alnan enjam üçin bag nahalyny oturdar
Apple Ýewrokomissiýanyň kanunçylyk taslamasyna garşy
Nusgawy Nokia 6310 telefony gaýtadan öndürildi
Bir raýatyň müň raýatlyk Wi-Fi’ kyssasy