Öňdebaryjylar arany açýar

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 20-nji tapgyrynda “Altyn asyr” öz meýdançasynda uly hasaply ýeňiş gazandy.Aragatnaşykçylar “Köpetdag” toparyny 51 hasabynda ýeňlişe sezewat etdi.Duşuşykda Mihail Titow 3 gol geçirip, toparynyň uly hasaply ýeňşine ynamly goşant goşdy.

Oýnuň 6-njy minutynda Titow hasaby açdy.Bu goldan 19 minut soň, myhmanlardan Baýramgeldi Gulmaýew hasaby deňledi. 8 oýunçynyň sary kart alan duşuşygynda “Altyn asyr” 2-nji ýarymda 4 gol geçirdi.

Olary 50-nji we 78-nji minutlarda Mihail Titow, 54-nji minutda Resul Hojaýew hem-de 87-nji minutda penaltiden Merdan Muhadow öz adyna ýazdyrdy.23-nji basgançaklarda barýan “Şagadam” bilen “Ahal” toparlary-da Mary welaýatyna wekilçilik edýän toparlardan üstün çykdy. “Şagadam” myhmançylykda “Energetigi” 31, “Ahal” öz meýdançasynda “Merwi” 10 hasabynda utdy. “Şagadamyň” gollaryny 1-nji minutda penaltiden Baýramgeldi Nurlyýew, 26-njy minutda Ata Geldiýew hem-de 47-nji minutda Kerim Hojaberdiýew derwezä girizdi. “Ahala” 3 utuk getiren ýeke-täk pökgini bolsa, 23-nji minutda Gurban Annaýew öz adyna ýazdyrdy.

Aşaky orunlarda barýan “Nebitçi” bilen “Aşgabat” toparlarynyň arasyndaky oýunda myhmanlar 21 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Ýeňiş gazanan toparyň adyndan Boris Iwanow (8) hem-de Wekil Kadyrow (65), ýer eýeleriniň adyndan bolsa, Aşyrgeldi Ylýasow (54) tapawutlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TÝL ― 2020: möwsümde näçe futbolçy tapawutlandy?
TÝL ― 2020: bir duşuşykda birden artyk tapawutlanan futbolçylar
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi
Türkmenistanyň kubogy ― 2022: Kerim Hojaberdiýew 8 möwsümlik sanawyň başyna geçdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY