Türkmenistanyň kubogy ― 2022: Kerim Hojaberdiýew 8 möwsümlik sanawyň başyna geçdi

Türkmenistanyň kubogy ― 2022: Kerim Hojaberdiýew 8 möwsümlik sanawyň başyna geçdi

Şagadamyň futbolçysy Kerim Hojaberdiýew Türkmenistanyň kubogynda 2015-nji ýyldan bäri geçiren pökgüleriniň sanyny 9-a çykardy.

Şeýlelikde, ol bu netije bilen ýaryşda şol ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň 112 adamlyk sanawynyň başyna geçdi. Ýöne ol häzir birinji orny Altyn asyryň hüjümçisi Myrat Ýagşyýew bilen paýlaşýar.

Sanawda ikinji orunda bu ýaryşda 8 gezek tapawutlanan Süleýman Muhadow bar. Üçünji orny bolsa her haýsy 7 goldan geçiren Altymyrat Annadurdyýew, Mihail Titow we Didar Durdyýew dagylar eýeleýär.

Kerim Hojaberdiýew Türkmenistanyň kubogynda 2015-nji ýyldan bäri Energetigiň, Köpetdagyň we Şagadamyň düzüminde tapawutlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň kubogy ― 2023: deslapky tapgyryň jogap duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: Myrat Annaýew Altyn asyr bilen Ýokary ligadaky 30-njy goluny geçirdi
Altyn asyr Şagadamy utup, sekizinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy
Naýbaşy Kubogy 8-nji gezek “Altyn asyrda”