Öňki toparyndan utulyp, ýaryşdan çykdy

Öňki toparyndan utulyp, ýaryşdan çykdy

UEFA Çempionlar Ligasynda umumylykda soňky oýunlaryny şowsuz geçirýän “Serie A”-nyň çempiony “Napoli” öz meýdançasynda häzirki tälimçisi Antonio Konteniň ozalky türgenleşdiren “Çelsi” toparyna hötde gelip bilmedi. Çempionlar Ligasyny garaşylyşyndan pes derejede geçiren “Napoli” Wergara hem-de Hýoýlunyň gollary esasynda öňe geçse-de, 2-nji ýarymda olara Žoao Pedrony saklamak başartmady. 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Çelsi” sanawy 6-njy orunda tamamlady.

Ýene degişli makalalar

Ýer eýeleriniň ýekejesi hem ýeňiş gazanyp bilmedi
“Napoli” 3 goragçyny düzümine goşdy
Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
“Bawariýany” PSŽ hem ýeňip bilmedi, bassyr 16-njy ýeňiş
Ýyldyz oýunçy gol geçirmegi ýatdan çykardy
6 aýdan soň ilkinji goly