Ösüşleriň möhüm guraly

Ösüşleriň möhüm guraly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ykdysady gurallaryň orny barha ýokarlanýar. Şolaryň arasynda milli manadymyza aýratyn orun degişlidir.

Bilşimiz ýaly, milli manadymyz 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi we bu waka türkmen halkynyň taryhynda möhüm wakalaryň biri boldy.Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi.

Milli manadymyzyň hümmetini mundan beýläk-de durnukly saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, hil taýdan täze derejelere çykarmak, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny, innowasion tehnologiýalary bank işine giňden ornaşdyrmak bank ulgamynyň esasy wezipeleri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan çuňňur oýlanyşykly ykdysady özgertmeleriň hatarynda 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan milli manadymyzyň denominasiýasynyň geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda hereket edýän pul birliginiň kadalaşdyrylmagy ýola goýuldy, türkmen manadynyň halkara derejesindäki abraýy ýokarlandy. Bu öz gezeginde milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary işjeň çekmäge we ýokary netijeli pul-karz syýasatyny alyp barmaga mümkinçilik berdi.

Bank ulgamynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda, IT-tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmagyň döwrebap ulgamyny döretmek, ilata berilýän karzlaryň we goýumlaryň mukdaryny artdyrmak boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Halkara ölçeglere laýyklykda, banklaryň maliýe hasabatlylygyny geçirmäge uly üns berilýär. Şeýle-de hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär.

Nagt däl hasaplaşyklaryň höweslendirilmegine ýardam edýän innowasion tehnologiýalaryň bank düzümine ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny hem bellemek gerek.Pul dolanyşygynyň düzüminde nagt pullaryň paýynyň çäklendirilmegi häzirki zaman bank hyzmatlarynyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär.

Hasaplaşyklarda bank kartlarynyň has giňden ulanylmagy olaryň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär, bu amaly ýerine ýetirmegiň wagtyny gysgaltmaga, şeýle-de ýurtda pul dolanyşygyny gowulandyrmaga ýardam edýär.

Milli Liderimiziň pul-karz syýasatynyň netijesinde milli manadyň durnuklylygy üpjün edilýär.Halkara bazarlarynda ýurduň eksporta ukyplylygy, ykdysady kuwwaty artýar, daşary söwdanyň düzümi kämilleşdirilýär.Maliýe-ykdysady syýasatyň netijesinde ýeňillikli salgyt salmak syýasaty emele getirildi, ilata pes göterimden karzlar hödürlenilýär.

Bu bolsa eýeçiligiň dürli görnüşleriniň, täze önümçilik düzümleriniň, iş orunlarynyň emele gelmegine, kärhanalaryň öz-özüňi maliýeleşdirmek ýörelgesine geçmekleriniň hasabyna olaryň önümçilik mümkinçiliginiň berkemegine, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň göwrüminiň ýokarlanmagyna, önümiň özüne düşýän gymmatynyň peselmegine has giň mümkinçilikleri döredýär.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň karz-pul syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksporta gönükdirilen pudaklaryna maliýe goldawyny bermäge, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bank ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmäge, innowasion, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu işleriň ählisi ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge ýardam edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda maksatnamalaýyn ugurly binýada esaslanýan milli ykdysadyýetimiziň täze nusgasy döredilýär.Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli we ählumumy bähbitleri, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine goşulyşmagyny nazara almak bilen, durmuş ugurly, çeýe ykdysady maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde uly üstünlikleri gazanmagy halkara bilermenlerinde, seljerijilerde, syýasatçylarda uly gyzyklanma döredýär.

Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýleki düzümler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça geçirilýän işlere aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli manadymyzyň hümmetini kadaly saklamak, bitewi pul-karz syýasatyny amala aşyrmak, bank ulgamyny kämilleşdirmek we ony täze sepgitlere çykarmak boýunça möhüm işler amala aşyrylýar.

Orazjemal MYRADOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň öwreniji mugallymy.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/11221

Ýene degişli makalalar

ITEA IT akademiýasy grafiki we UI/UX dizaýnyna bagyşlanan mowuklaýyn agşama çagyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlady
Siriýada terrorçylaryň basyp alyşlygy astyndaky energiýa çeşmeleri
Gyrgyzystan 2024-nji ýylda Türkmenistandan import edýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär
Telekeçilik şertleri ilaty däl, aýratyn alnan adamlary baýadýar
Türkmenistanda 45 sany döwlet emlägi hususylaşdyrmaga berler
Täze strategiýasyny işläp düzdi