Oksford uniwersiteti Hindistana 500 ýaşly heýkeljigi gaýdyp berer

Oksford uniwersiteti Hindistana 500 ýaşly heýkeljigi gaýdyp berer

Hindistanyň Ýokary geňeşi ýurduň ybadathanalarynyň birinden ogurlanan XVI asyrda ýaşan şahyr we dindar Tirumangaý Alwary şekillendirýän bürünç heýkeliň gaýtarylyp berilmegini talap etdi, Oksford unuwersiteti gymmatlygy hak eýesine berjekdigini habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar. Boýy 60 santimetre golaý bolan heýkel uniwersitetiň Eşmol muzeýinde sergilenýär.

Hindistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda jedellere sebäp bolýan ýene bir gymmatlyk dünýäde iň iri göwherleriň biri bolan Kohinur bolup durýar. Bu gymmatbaha daş 1849-njy ýylda tamamlanan Ikinji iňlis-sinh urşundan soňra iňlisler tarapyndan Penjapda olja alyndy. Ol Patyşa aýal Wiktoriýa sowgat berildi we şondan bäri Britan Patyşalyk täjini bezeýär.

Hindistan birnäçe gezek Kohinura öz hukugyny bildirdi diýip, The Guardian ýazýar.

2023-nji ýylda Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Misotakis Londondan Britan muzeýinde saklanýan Parfenonyň heýkelini gaýdyp bermegi talap etdi, emma ýurduň Premýer-ministri Rişi Sunak talapdan ýüz öwürdi diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti täjikleriň milli gahrymanyny hatyralady
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistana geldi
Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymanynyň ýadygärligine gül goýdy
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BILEN PREZIDENT EMOMALI RAHMONYŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyran döwlet sapary tamamlandy