Oleg Kononenko kosmosdan Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Oleg Kononenko kosmosdan Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Häzirki wagtda Halkara kosmos stansiýasynda iş alyp barýan Türkmenistanyň Gahrymany, kosmos işi boýunça "Roskosmos" döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Oleg Kononenko tüýs ýürekden gutlaglaryny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglygyny, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Kononenko nobatdaky kosmos ekspedisiýasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň portret suratyny hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan, ýurtda ilkinji akylly şäher bolan Arkadag şäheri baradaky kitaby öz ýany bilen Halkara kosmos stansiýasyna alyp barandygyny hem habar berdi.

Türkmenistanyň kosmos pudagynyň ösüşine öz goşandyny goşmaga taýýardygy barada aýdyp, Oleg Kononenko Prezident Serdar Berdimuhamedowa kosmos ulgamyna berýän goldawy üçin hoşallygyny beýan etdi.

Oleg Kononenko şeýle-de Türkmenistanda doglandygy üçin hem özüni bagtly duýýandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Oleg Kononenko açyk kosmosda selfi surata düşdi
Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko 59 ýaşady, türkmen paýtagtynyň günortasynda AŞGABAT ýazgysy peýda bolar, Aşgabatda Halkara ýoga güni bellenildi we beýleki habarlar
Oleg Kononenko Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy, kosmonawt Oleg Kononenko täze missiýa bilen HKS-e ugrady, Kiçi teatryň Aşgabada sapary yza süýşürildi we beýleki habarlar
“Roskosmosyň” kosmonawty Oleg Kononenko hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen gutlady
Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni mynasybetli iş kesilenleriň 1 müňden gowragynyň günäsi geçildi, 1,3 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlary açyldy we beýleki habarlar